Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge
gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň
telekeçileriniň ähli ugurlarda has-da netijeli işlemekleri üçin amatly şertler
döredilýär. Munuň özi telekeçilik ulgamynyň Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan
ösmegine saldamly goşant goşmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy
pudagyna yzygiderli döwlet goldawynyň berilýändigini, bu ugurda amatly
şertleriň döredilýändigini aýtdy we wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.