Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň guramagynda dürli ministrlikleriň, pudak edaralaryň we bank ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Goýum Maksatnamasyny we ýurdumyzyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamaklyga bagyşlanan maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýokarda agzalan edaralaryň baş hasapçylary, sebitleriň häkimleri we dürli guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Ýygnananlara Goýum maksatnamasy - 2022-niň meýilnamasy görkezildi. Ýurdumyzyň sosial-ykdysady ösüşi, şeýle-de geljek ýylyň býujet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde girdeji we çykdajy syýasaty ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet býujeti - 2022-niň esasy meselesi zähmet öndürijiligi, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüş bolup durýar. Esasy üns raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna täze iş orunlaryny döretmäge gönükdiriler.
Ýygnaga gatnaşyjylar sosial-medeni we senagat desgalarynyň gurluşyklaryny, kiçi we orta telekeçiligi goldamagy, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmagy, daşky gurşawy goramagy, şeýle-de uglewodorod serişdelerini gazyp almagy, gaýtadan işlemegi we eksportyny býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Geljek ýyl üçin meýilnama laýyklykda, sosial ulgama—aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýokarlandyrmaga Döwlet býujetiniň 75 göterimini bölüp aýyrma göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de ýygnakda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny ösdürmegiň we eksporty ýokarlandyrmagyň ýollary maslahatlaşyldy. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň esasy ugurlary hökmünde ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek we sosial goraglylygy üpjün etmek üçin serişdeleri artdyrmak kesgitlendi.