Ýakynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan
taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň,
hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy
döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça
maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, öz Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna eýerip, bu geňeşiň işine işjeň gatnaşýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, Arkalaşygyň pudaklaýyn edaralary
bilen gatnaşyklary giňeldýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş
taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary
derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy.