13-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazara Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkemnhimiýa" döwlet konsernlerinden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni we "B" kysymly karbamidi, Türkiýe döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk buýan köküni, Gyrgyzystan Respublikasynyň we Türkiýäniň işewürleri ýerli kärhanalaryndan erkek köýnekler we nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar. içerki bazarda türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni we "BND 60/90" kysymly bitumy, şeýle-de türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 974 221,74 manada we 3 993 150,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy