8-nji ýanwarda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet
Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly,
Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkiýäniň ýokary ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny
beýan edip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik
wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek ugrunda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin
Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar
bolsa uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Duşuşygyň dowamynda hormatly
Prezidentimiz we türkiýeli diplomat ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara
gatnaşyklaryň hemişe hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri
esasynda ýola goýulýandygyny, halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän
meseleleri, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek,
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat
gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň
oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyny we onuň çäklerinde
geçirilen gepleşikleri, işewürlik maslahatyny ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, saparyň dowamynda birnäçe wajyp
resminamalara gol çekildi. Häzirki wagtda bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek
möhüm wezipe bolup durýar.
Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady
gatnaşyklary alyp barýan iň wajyp ýurtlarynyň biridir. Söhbetdeşler bu ugurda
hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip,
şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we
Işewürlik geňeşine aýratyn ornuň degişlidigini bellediler. Şunuň bilen
baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda hökümetara toparyň 7-nji
mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň
geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Umumy pikire görä, iki ýurtda
sergileriň, özara Medeniýet günleriniň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli
geçirilmegi ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni täsir edýär.
Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň
Türkiýede bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň kämilleşmegine goşant goşýar. Ýurtlarymyzyň arasynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna
hem-de hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky ýurdumyzda işe başlamagy
bilen ýene bir gezek gutlady hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli diplomatik wezipesinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.