8-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde
ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz
berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş
çekmek işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny,
gurallary möwsüme taýýarlamak, ekişde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany gaýtadan
işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň,
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri kesgitlenilip, sürüm we
tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň,
mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek,
ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça
ekiljek ýerleri, ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin
gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri meýilnamalaýyn
esasda geçirilýär. Ekişde ulanyljak tehnikalar we gurallar, ýokary hilli gowaça
tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg,
hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini ýokary derejede
geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş
maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi
hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, onuň depginleriniň
ýokarlandyrylmagyny, ekiş möwsüminde pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz
welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky
hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň
bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly
üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we
tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk
tehnikalaryny, gurallary, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary
hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli
çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri, bu
ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle
hem welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz,
agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak
boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler
dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm
talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, şu ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny,
onuň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme
taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýar etmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny
ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen
birlikde, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri
bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu
ekinleriň ýazky möwsüminde ekiljek meýdanlaryny kesgitlemek hem-de tohumlaryny
taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda
medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda
dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek
arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň depginleriniň
güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme talabalaýyk taýýar
edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp
barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri meýilnamalaýyn esasda ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýokary hilli gowaça
tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da,
welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly
geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda
medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek,
ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün
etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek
meýdanlarda alnyp barylýan işleriň, gant şugundyryny ýygnamagyň depginleriniň
güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi
häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat
toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň
bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri
dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly
güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş
möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin
pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de
tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda
degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça
zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlary şu ýylyň ýazky ekişine taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek
boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi
we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek
meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň
güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň
taýýar edilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde
saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz
welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk
taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we
beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky
ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy
gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklar
berildi.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.