Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si
hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler
«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini,
polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür
toparlarynyň wekillerine bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen karbamid ýerlenildi.
Mundan başga-da, daşary ýurt
puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we
nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň
51 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda
öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek
çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan
gowrak boldy.