Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. BU barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.

«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir.

Täze uçar ilkinji uçuşyny BAE-niň Abu-Dabi şäherine amala aşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.