6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, meýilnamalarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, döwrebap sanly tehnologiýalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Geçirilýän işlerde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyga, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna we degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirilmegine aýratyn üns berler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi