Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde
5-nji ýanwarda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
ösdürmek bilen bagly birnäçe resminama gol çekild. Munuň özi Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine şaýatlyk
edýär.
Habar berlişi ýaly, gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz”
döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň
maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin
strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň
ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany
gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak
mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň
milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama
(şu hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera
zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady
hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr);
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank”
arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.