4-nji ýanwarda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň
Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.
Diplomat bilen bolan
söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek
däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar ýurtlaryň her biriniň
durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly
laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalşylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň fewral aýynda Birleşen
Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde
üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol
saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
BAE-niň Türkmenistandaky
wekili Gahryman Arkadagymyza şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň
netijeli geçirilmeginde üstünlikleri arzuw edip, onuň türkmen-emirlikler
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze, kuwwatly itergi berjekdigine, iki ýurduň
halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
uçary Abu-Dabi şäherine tarap ugrady.
...Iki ýarym sagatdan soňra,
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki
ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Belent
mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli
Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar
mähirli garşyladylar.
Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň
barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap
Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine
ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy dürli derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň köp
babatda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belläp, şu
saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň hem üstünlikli boljakdygyna
ynam bildirdi. Bu duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga
goşant goşar.
Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň
Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen
duşuşdy.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki
Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň
tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ilkinji
nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa
geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly we ýokary
depginde ösmegini üpjün etdi. Türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň
ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp
taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin
hemişe açykdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary
ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işlemekleri üçin
ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki
saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň
dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika
ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan
tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň uly
ýataklaryny özleşdirmek we öz energiýa serişdelerini halkara bazarlara
ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli
işleri alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan “ýaşyl” energetikany
ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge gönükdirilen
yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň
beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanýar. Türkmenistan bu ulgamy milli
bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, okgunly
ösdürýär.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki
duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip,
türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek,
türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de
ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen
ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de
bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda ulag
ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk —
Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag
kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda
ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa
ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça
gatnawlar ýola goýuldy. Ertir bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy
amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlarynyň esasynda
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy barha baý
many-mazmuna eýe bolýar. Dünýäniň dürli banklary bilen netijeli gatnaşyklar
ýola goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen
Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli
pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri
hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Günüň ikinji ýarymynda BAE-niň
Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap
Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy
boldy.
BAE-niň Prezidenti belent
mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere
eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini
kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza däp
bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de
goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
dostlukly ýurduň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin
minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli
salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen
ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny aýratyn
mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz bu
gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara
bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý
şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen
gutlady.
Birleşen Arap Emirlikleri
biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň
köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir diýip, türkmen
halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Prezident Şeýh Mohammed bin
Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap,
ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli
başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda
geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň
doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan
beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire görä,
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm
orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady
hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe
guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika,
ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly
ugurlar bar.
Gahryman Arkadagymyz geljegi
uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary
beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler
tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ylym, medeniýet,
sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna
aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli
karara gelindi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman
Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly
wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan
netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam
etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk,
parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen
Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.