Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, dürli görnüşli dokma önümleri, nah matalar we ýüplükler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 117 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 11 million 505 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, elde dokalan halylary, nah ýüplügi we çig ýüpegi satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi