Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşylaýan pursatlary şatlyk-şowhuna, maşgalanyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, ýurduň ähli künjeklerinde, paýtagtda we Arkadag şäherinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny taryha ugratmak hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny garşylamak mynasybetli bellenilýän baýramçylyk dabaralarynda maşgala bolup, bereketli saçak başyna jemlenip, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtmak asyrlar aşyp gelýän asylly däpleriň dowam etdirilmegidir. Türkmen halkynyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryny esasy ugur edinýän Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow, asylly ýörelgä eýerip, maşgala agzalary, agtyklary bilen Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy tamamlanandan soňra, ak mermerli Aşgabadyň nurana asmanyny baýramçylyk feýerwerki gurşap aldy. Älemgoşar öwüşginli şekiller Gahryman Arkadagyň we hormatly Prezidentiň tagallasy netijesinde bagtyýar durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň belent ruhunyň aýdyň nyşanyna öwrülip, täze — 2024-nji ýylyň bosagadan ätleýändigini alamatlandyrdy.

Milli Lider, maşgala agzalary bilen bilelikde, asmany ýagtyldyp, adamlaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan şekilleri synlady.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem maşgala bolup, agzybirlikde bellenilýän baýrama goşuldy. Hemmeler bilelikde ýurtda bellenilýän baýramlaryň dabarasyny, onuň tutumly dessurlara baýdygyny görkezýän görnüşleri synladylar. Ýatda galyjy pursatlara beslenýän köpöwüşginli şekiller dabara gatnaşýan adamlaryň şatlyk-şowhuny, çagalaryň gülki sesleri bilen utgaşdy.

Maşgala bolup bellenilýän baýramçylygyň dowamynda Gahryman Arkadagyň agtyklary öz şatlygyny täze döredijilik sowgatlarynyň üsti bilen beýan edip, ene-atalaryny begendirdiler.
Soňra maşgala baýramçylygy dowam etdi. Gahryman Arkadagyň agtyklary baýramçylygyň şatlygyny belende göterdiler. Ilki bilen, Aýjeren atasyndan saz çalyp, goşgy okamaga rugsat bermegini sorady. Ol atasyndan razylyk alandan soňra, saz guralynyň başyna geçip, täze öwrenen sazyny çaldy we ajaýyp goşgy setirleri bilen hemmeleri gutlady. Onuň türkmen, rus, iňlis dillerinde Täze ýyl gutlagyny aýtmagy ene-atanyň agtygyna bolan buýsanjyny artdyrdy.

Gahryman Arkadagyň Mähriban atly agtyjagy bolsa babasyna Täze ýyl mynasybetli daşary ýurt sazlarynyň birini çalyp bermekçidigini aýtdy. Her bir maşgala, öý-ojaklara agzybirlik, bagtyýarlyk dileg edilýän baýramda agtyklaryň zehinine, yhlasyna guwanmak pederler üçin iň esasy mukaddeslikleriň biridir. Şeýle pursatlar hormatly Arkadagyň ruhuny belende göterip, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.