29-njy
dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň
hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny
kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, ilki bilen, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy
deputatlaryň adyndan ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan
saglyk, bagtyýarlyk, eziz Watanymyzyň rowaçlygy, mähriban halkymyzyň
abadançylygy ugrunda alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen
ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap
atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň
«Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda
ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy
medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik,
watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen
gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady
bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Ýokarda beýan edilenleriň esasynda, 2024-nji ýyly
Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman
Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet
toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup,
2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak
barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Soňra bu karar dolulygyna okaldy. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygarynyň
yglan edilýändigini we nyşanynyň kabul edilýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
wekilleriniň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany
baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
Bu çözgüt şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy türkmen ýaşlarynyň durmuşyna, ykbalyna we ähli ulgamlarda
gazanan üstünliklerine bagyşlanan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň
neşir edilmegi bilen gutlady. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy
egindeşleriniň adyndan ýetip gelýän 2024-nji ýyl bilen gutlap, döwlet
Baştutanymyza berk jan saglyk, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň
bähbidine ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly”
diýen şygar astynda geçýän 2023-nji ýyl, hakykatdan-da, döwletimiz we halkymyz
üçin üstünlikli, rysgal-bereketli ýyl boldy. Bu döwürde jemgyýetimiziň ähli
ugurlarynda, hususan-da, syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda
döredilen giň mümkinçilikleriň netijesinde uly ösüşler gazanyldy. Wise-premýer
geljek ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi
mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu şygaryň çuň many-mazmuna
eýedigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda döwletimiz
tarapyndan halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny wagyz etmek, nusgawy edebiýatymyzyň
meşhur şahsyýetleriniň eserlerini halkara derejede ýaýmak ugrunda uly tagalla
edilýär. Bu babatda beýik akyldar, söz ussady Magtymguly Pyragy aýratyn orun
eýeleýär. Onuň döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň mynasyp dowam etdirmeginde Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragy
medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäginde nusgawy şahyryň belent
heýkeliniň bina edilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Magtymguly Pyragynyň
doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda, daşary döwletlerde türkmen
halkynyň beýik oglunyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan köp sanly
ylmy-medeni we beýleki çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, indiki ýylda bu
ugurda halkara wakalaryň ýokary derejede geçiriljekdigine ynandyrdy.
Geçip barýan 2023-nji ýylyň ýene bir möhüm waka bilen
tapawutlanandygy aýratyn bellenildi. Bu ýylyň soňky günlerinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna we dünýä jemgyýetçiligine
öz ajaýyp eseri bolan “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.
Ýaşlara bagyşlanan şunuň ýaly gymmatly neşiriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda çap edilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Çünki bu eserde ýaş nesliň
wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha
berilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşyny
üpjün etmek boýunça tagallalaryny mynasyp dowam etdirýär. Ýurdumyzyň häzirki
abadan durmuşy we röwşen geljegi ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy
ýaly, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döretmegiň, olara ýol
açmagyň zerurdygyny, sebäbi geljegimiziň ýaşlar bilen baglydygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň gujur-gaýratyny
ýaşulularyň tejribesi bilen utgaşdyrmaly.
Şu ýylda ýaşlaryň işleri we ýaşlar barada, olaryň
gönüden-göni gatnaşmagynda geçen milli we halkara derejeli çäreler ýurdumyzyň
syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda wajyp ähmiýetli wakalara öwrüldi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitabynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň
gazanan uly üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri barada giňden beýan
edilýändigini ýene-de bir gezek nygtap, wise-premýer, daşary işler ministri
“Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy
ýurtlaryň wekilleriniň öz dillerine terjime etmek barada ýüzlenýändiklerini
belledi. Olar bu gymmatly eseri özleriniň ösüp gelýän ýaş nesillerini
terbiýelemek işinde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen gymmatly
kitabyň neşir edilmegi, şeýle hem ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza döredijilik işinde uly üstünlikleri,
berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Soňra bilelikdäki giňişleýin mejlise gatnaşyjylara
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby sowgat
berildi. Ýygnananlar bu bahasyna ýetip bolmajak sowgady hoşallyk bilen kabul
etdiler. Çuň many-mazmunly bu eser giň gözýetimli ýaşlary watançylyk ruhunda
terbiýelemek işinde gymmatly gollanma bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi
netijesinde, eziz Watanymyzy tüýs ýürekden söýýän, hemmetaraplaýyn ösen ýaş
nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri bolup
durýar. Täze kitap hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman
Arkadagymyzyň bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýelemäge,
olaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly
eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna,
eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça
amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň
taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.
Geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si
geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletimiziň içeri we daşary
syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi. Bellenilişi ýaly, milli
ykdysadyýeti ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli
pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň milli Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Zähmet
haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10
göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk döwrüň talaplaryna
görä kämilleşdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we Garaşsyz Diýarymyzyň ähli
sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň
gurluşygynyň dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Türkmenistanyň iň täze taryhyna giren şu ýyl
halkara we içeri syýasy ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu wakalar
döwletimiziň durmuş-ykdysady, ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýar.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag
şäheriniň açylmagy ṣol wakalaryň hatarynda möhüm orun eýeledi. Bu şähere
kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi
berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek
meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde
durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde
deňi-taýy bolmadyk “smart-sitiniň” — sanly we “akylly” tehnologiýalar
merkeziniň gurulmagy döwletimiziň ykdysady taýdan örän kuwwatlydygynyň,
ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly barýandygynyň aýdyň
subutnamasydyr.
Türkmenistanyň günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň “Dizaýn” ugry boýunça
ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi munuň aýdyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz daşary syýasatyň meselelerine degip
geçip, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar
üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bellenilişi
ýaly, Bitarap Watanymyz sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygy we
howpsuzlygy üpjün etmekde örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär.
Şeýle-de abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň
Baş Assambleýasynyň ençeme Kararnamalary Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen
taýýarlanyldy we kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit
guramalary bilen hem netijeli işleri alyp barýar.
Şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy,
durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda
hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym-bilim we sport
ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi.
Parlamentara hyzmatdaşlygyň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy. Türkmenistan
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edip,
energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki
ugurlar babatda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän
tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden
goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda şu ýyl Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar, şeýle hem
biziň ýurdumyzyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy munuň
aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýäde wagyz
etmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli hem-de ulgamlaýyn
esasda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke
atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy bu guramanyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem
Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde
ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum
geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky
Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna goşuldy.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk
meselelerine geçip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly
ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagyň
zerurdygyna ünsi çekdi. Baýramçylyk günlerinde raýatlarymyz gowy dynç alar ýaly
ähli şertleri döretmek üçin ýurdumyzyň medeni-dynç alyş edaralarynda,
teatrlarynda we sirklerde gyzykly çykyşlary guramak zerurdyr.
Teleradioýaýlymlarda hem täsirli gepleşikleri bermek möhümdir diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl
baýramçylygy günlerinde şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly
gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün
edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilata söwda hyzmatyny
talabalaýyk ýola goýmak, bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň
bolçulygyny üpjün etmek zerurdyr.
Baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy
ýokary derejede guramak tabşyryldy. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik,
ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir. Jemagat hojalygy,
elektrik, suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, jemgyýetçilik
ulaglarynyň we dükanlaryň takyk hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň
wajypdygyna üns çekildi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara
baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede
belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini
jemläp, ýygnananlary täze — 2024-nji luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady we
hemmelere geljek ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak, berkarar döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barjak
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.