28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon
arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman
Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen
gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk
arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
dostlukly döwletiň Baştutanyna şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek
başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, guralýan her bir duşuşygyň ýa-da
gepleşikleriň, ilkinji nobatda, türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli
goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny
belledi. Umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasynda giň ugurlar boýunça uzak möhletleýin esasda ýola goýlan gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Nygtalyşy ýaly, uzak ýyllaryň
dowamynda ýokary, döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, şol bir wagtyň
özünde, dostlukly syýasy dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine
kuwwatly itergi beriji güýçdür. Iki ýurduň Liderleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň
yzygiderli duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekmek bilen, häzirki günde döwrüň iki dostlukly goňşy
döwletden Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin has jebisligi,
tagallalaryň birleşdirilmegini, hereketleriň utgaşdyrylmagyny talap edýändigini
nygtady.
Söhbetdeşler iki döwletiň
arasyndaky doganlyk gatnaşyklary olaryň halklaryna mahsus ruhda mynasyp
derejede we yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýdyp, häzirki döwürde
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstüniň täze mazmun
bilen ýetirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Geçmişde biziň
ýurtlarymyzyň çäklerinden geçip, asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany
baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy
ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde
ýerleşmek bilen, şu günki günde taryhy geçelgäniň dikeldilmegi, onuň ägirt uly
mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla
edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika
ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara
baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň
aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji
ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly
okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdiler.