28-nji
dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan
Täze ýyl dabarasyna gatnaşyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki
meýdançada ýaýbaňlandyrylan çärä gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny
paýlaşdy.
Asylly däbe
görä, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň biri — Köpetdagyň eteginde
ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hemmeler üçin garaşylýan Täze ýyl
baýramynyň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi. Bu baýramçylygy ähli ildeşlerimiz
şatlyk-şowhun bilen garşylaýar.
Ine, şu gün
hem bu ýerde köpöwüşginli baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylypdyr. Meýdançanyň
merkezinde “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen, dürli öwüşginli
bezegleri, oýunjaklary we yşyklary bilen ýalkym saçýan belent başly arça
oturdylypdyr. Beýikligi 44 metr, ini hem 16 metr bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň
töwereginde öwşün atýan dürli bezeg serişdelerinden hakyky ertekiler dünýäsi
emele getirilipdir. Bu ýerdäki arçalardan tokaýjyk, erteki gahrymanlarynyň
keşpleri bilen Täze ýyl täsinligini ýada salýar. Sowgatlara garaşmak ýaly
ajaýyp duýgulary hem-de täsin başdan geçirmeleri özünde jemleýän Täze ýyl
hemmeleriň söýgüli baýramydyr.
Körpeler
baýramçylyk mynasybetli bu ýerde döredilen ertekiler dünýäsine haýran galyp,
täsin şäherjigiň gözelliklerini synlamaga howlugýarlar. Meýdançada ýaňlanýan
ajaýyp aýdym-sazlar olary durşy bilen täsinlige beslenen syýahata çagyrýar.
Onuň daş-töweregini gurşap alýan baglar dürli yşyklar bilen bezelip,
agşamlaryna Täze ýyl baýramyna mahsus özboluşly görnüşi döredýär. Mundan
başga-da, yşyklardan emele getirilen agaçlar we beýleki bezegler bu ýerdäki
gözellikleriň üstüni ýetirýär.
Baş arçanyň ýanynda
geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň
mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Olar ders olimpiadalarynyň, sport
we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, çagalar öýlerinde terbiýelenýän
nesillerdir.
Hemmeler
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Çünki döwlet Baştutanymyz bilen dabara gatnaşmak ýaş türkmenistanlylar üçin uly
hormatdyr. Hormatly Prezidentimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny gutlamak,
olara iň gowy arzuwlaryny beýan etmek üçin bu ýere gelýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň öňünde saklanýar. Milli lybasly çagalar
hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurýarlar.
Bu ýerde
döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň Baş direktory, Aşgabat şäheriniň häkimi mähirli mübärekleýärler.
Çagalar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap,
bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.
Ýaş nesil
baradaky yzygiderli alada, olaryň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda
terbiýelenmegi, kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek hormatly
Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu işde
çagalara aýratyn alada bilen çemeleşilýär. Çünki olar Watanymyzyň geljegidir.
Körpeleriň
tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgulary geljege ynamly
garamaga, arzuwlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda bagtyýar
durmuşda ýaşaýandyklaryna çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy. Joşgunly sazlaryň
astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde
Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar.
Bu ýerde Täze
ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp
barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň
nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň
adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Şeýle hem
çagalar barada edýän atalyk aladalary, olaryň kämil we köpugurly bilim almagy,
ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda
döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olaryň
öňünde ýakyn geljekde Watanymyzy täze belent sepgitlere çykarmak wezipesi
durýar.
Soňra döwlet
Baştutanymyz ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu
şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Döredijilik ýoluna ýaňy
gadam basan zehinli aýdymçylaryň, sazandalaryň, çagalar horeografiýa
toparlarynyň gatnaşmagynda täsin Täze ýyl baýramçylygy ýaýbaňlandyrylýar.
Çagalaryň ak gara çalymdaş lybaslary Baş arçanyň töweregindäki meýdançany gar
ýagan ýaly keşpde görkezýär. Ýaşyl arçanyň şahalarynda şöhle saçýan bezegler,
çagalaryň şatlykly ýylgyryşlary bu ýere aýratyn gözellik eçilýär. Türkmen
hem-de dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlaryny janlandyran keşpler
dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly
Prezidentimiz eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň buýsanjy bolan şadyýan
çagalaryň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, şu günüň zehinli mekdep okuwçylary geljekde Watanymyzyň okgunly
durmuş we ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Ýurdumyzda
geçirilýän bäsleşikler, ders olimpiadalary, çagalaryň döreden sungat
eserleriniň sergileri döwletimiziň we jemgyýetimiziň olara berýän uly ünsüniň
güwäsidir. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp
görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen
üpjün edilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport,
bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Döwlet
Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi netijesinde ýaş türkmenistanlylar özleriniň
döredijilik, aň-paýhas ukyplaryny ösdürýärler, sport bilen işjeň
meşgullanýarlar. Ýaşlar daşary döwletlerde geçirilýän abraýly bäsleşiklere,
ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, medallara we
baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
...Uly
şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan
çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary bolan
towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen
Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi
hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.
Soňra dabara
gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Arkadagly
Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly
wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bagtyýar çagalar bilen hoşlaşyp, bu ýerden
ugrady we Söwda-senagat edarasynyň binasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk çäresi
Täze ýyl şüweleňi bilen dowam etdi.
Mälim bolşy
ýaly, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň özboluşly jemlenmesine
öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň dabaraly açylyşy
boldy.
Döwlet
Baştutanymyz bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdy. Sergide Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler
ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet,
ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank,
nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir.
Ýokary
bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň esasyny goýan we hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň
biridir. Bu gün halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň kuwwaty gün-günden artýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy,
ykdysady, medeni, sport durmuşyndaky ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsidir.
Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler şu gezekki sergide öz beýanyny tapdy.
Garaşsyz
Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Kabul edilen döwlet
maksatnamalaryna laýyklykda, ýaşlar üçin durmuş ýeňillikleriniň görnüşleri
giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda amala aşyrylýan işiň kanunçylyk
binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, “Türkmenistanda ýaşlar
baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” we
ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýaş
raýatlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi “Döwlet adam üçindir!”
diýen baş şygary ugur edinýän durmuş maksatly syýasatyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi munuň aýdyň nyşanydyr. Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň goldawy bilen gaznanyň müdiriýeti köp
sanly haýyr-sahawat çärelerini amala aşyrdy.
Häzirki
döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn halkara
dialogy ösdürmekde giň gözýetimli, durmuşa döwrebap garaýan ýaşlara uly orun
berilýär. Olaryň öňünde geljekde bu meseleleriň täze, döwrüň talabyna laýyk
gelýän çözgütlerini tapmak ýaly jogapkärli wezipe durýar.
Ýurdumyz öz
üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, ählumumy ösüşiň
maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esasy ugurlar boýunça netijeli
hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Mälim bolşy
ýaly, dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň dialogyny giňeltmäge gönükdirilen halkara
ýaşlar diplomatiýasy şol hyzmatdaşlygyň bir ugrudyr. Giň mümkinçiliklere eýe
bolan ýaş nesil hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek bilen, bu ulgamda
alnyp barylýan işe saldamly goşant goşýar.
Sergide
şähergurluşyk ulgamynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanan bölüm hem
ýerleşdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli konsepsiýanyň
netijesinde, şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky tanalmaz derejede özgerdi.
“Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat we
özünde iň täzeçil sanly tehnologiýalary jemleýän Arkadag şäheri munuň aýdyň
mysalydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurluşygynyň
taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň,
ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň görkezijisidir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilýän sergä
baryp görmegi ýaş türkmenistanlylaryň aň-paýhas, döredijilik we ruhy kuwwatyny
durmuşa geçirmekleri üçin mümkinçilikleri döretmek, olary ýurdumyzyň
jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaga
höweslendirmek boýunça meseleleriň döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde
saklanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Arkadagly
Serdarymyz köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip,
Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna barýar. Bu
ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary,
Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasly köp
sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanypdyrlar. Olaryň
ählisi döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Bu ýerde
guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet
agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl
mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz
çagalary bilen gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans
toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda
çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi.
Baýramçylyk
äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň,
joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar
ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary,
“Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans
toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler.
Döredijilik
toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler.
Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe bäsleşikleriň, halkara döredijilik
festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň,
türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans
sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite
medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Ýurdumyzyň
ussat we höwesjeň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýygnananlarda
uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň
çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet
sirkiniň artistleriniň çykyşlary hem ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.
Ýaşajyk zehinlerem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň,
medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar milli
mirasymyzdan ylham alyp, dünýä medeniýetiniň gymmatlyklary, ähli gyzykly
täzeçillikler üçin hem açykdyrlar.
Täze ýylyň
hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen
gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw edip,
dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Ak mermerli
paýtagtymyzyň şaýollary, meýdançalary, seýilgähleri, jemgyýetçilik ýerleri hem
täze ýyly garşylaýan günlerimizde aýratyn toý lybasyna beslendi.
Ýagtylandyryşyň dürli usullary bilen emele getirilen özboluşly kompozisiýalar,
yşyklandyryjy bezegler Aşgabady aýratyn gözel keşbe getirdi. Baş şäherimiziň
köçelerinde dürli reňklerde ýalkym saçýan yşyklar ertekiler dünýäsine düşen
ýaly duýgyny bagyşlaýar.
Şeýlelikde,
baýramçylyk dabaralary her bir öýe, her bir maşgala ýagşy arzuwlary, şatlykly
pursatlary, baýramçylyk täsinliklerini eçilmek üçin giň gerimde dowam edýär.
Garaşsyz,
Bitarap Türkmenistan täze — 2024-nji ýyla gadam basmak bilen, halkymyzyň agzybirligini,
ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.