Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si
hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Özbegistanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary
ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt
puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we
Pakistanyň telekeçilerine ýüpek çig maly, aşgarlanmadyk we jinsi matalar, nah
ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary, buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatdan gowrak
bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor
kaliýsini, şeýle hem, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi,
çig ýagly kislotany, pagta galyndylaryny satyn aldylar.