Şu gün Minskde (Belarus) geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleriň ortamöhletli meýilnamasy tassyklandy. Resminamada özara gatnaşyklaryň bäş ugry boýunça 20-den gowrak çäre göz öňünde tutuldy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Esasan hem GDA ýurtlary üçin immunobiologik derman serişdeleriniň we has giň ýaýran ýokanç kesellere garşy diagnostik serişdeleriň taýýarlanylmagy, mergi we beýleki ýokanç keselleriň tebigy ojaklarynyň ýagdaýy baradaky maglumaty özleşdirmek babatda bilelikdäki ekspedisiýa işleri boýunça bilelikdäki barlaglary alyp barmak maksat edinilýär. Şeýle hem sanitariýa-epidemiologik häsiýetli jemgyýetçilik saglygyny goraýyş ulgamynda algoritmleri, standart operasion proseduralary, adatdan daşary ýagdaýlara bilelikde täsir etmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmäge gönükdirilen bilelikdäki ylmy işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

GDA gatnaşyjy döwletleriň çäkleriniň sanitariýa goraglylygy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, taraplar Arkalaşygyň düzümindäki ýurtlaryň territoriýalarynda adatdan daşary ýagdaýy döredýän keseller ýa-da olaryň ýüze çykmak mümkinçiligi bilen baglanyşykly sanitariýa goraglylygy boýunça zerur çäreleri geçirerler. Şeýle çäreler sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligine degişli bolan harytlar babatda hem alnyp barylar.
Ilatyň iş bilen bagly meselelerine ýardam etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň esasy maksatlary umumy zähmet bazarynyň emele gelmegi üçin meselelere çözgüt tapmak we päsgelçilikleri aradan aýyrmak, ilatyň iş bilen bagly meselelerine ýardam etmek, işsizligiň derejesini peseltmek, raýatlaryň erkin hereket etmek hukugyny üpjün etmek we zähmetini durmuşa geçirmek üçin Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylalaşylan çemeleşmeleri işläp düzmekde özara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Resminamalaryň birnäçesi biragyzdan goldanylyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi. Olar, esasan, ýalan haryt nyşanlarynyň we geografik belgileriň ulanylmagyna garşy duýduryş işlerini geçirmek we olary aradan aýyrmak, maldarçylykda agsyl keseliniň öňüni almak we onuň bilen göreşmek, şeýle hem geodeziýa, kartografiýa, kadastr we uzak aralykdan Ýeri barlamak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara gatnaşyklary kesgitleýän resminamalardyr.

Mejlisde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwletiň maddy gorlaryny dolandyrýan häkimiýetleriniň arasynda Döwletleriň ýerine ýetiriji häkimiýetleriň düzüm birligindäki edaralaryň hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň Maksatnamasy tassyklandy. Şeýle hem mejlisde Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň Harby akademiýasyna GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaragly güýçleri üçin ofiserleriň operatiw-strategiki taýdan taýýarlygy babatda binýatlaýyn guramanyň derejesini bermek hakynda çözgüde gol çekildi. Hökümet Baştutanlary işgärleriň wezipe borçlarynyň bellenmegi hakynda çözgütlere hem gol çekdiler.

Gyrgyz Respublikasynyň teklibi boýunça Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Bişkek şäherinde geçirmek hakynda netijä gelindi.

GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine işjeň gatnaşýar we GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklipler bilen çykyş edýär. Şeýle hem biziň ýurdumyz parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy üçin umumy tagallalaryň birleşdirilmegi üçin çykyş edýär.