Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly
maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini
jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatyň
Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr
wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň hem-de
halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar.
Bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda goňşy we alysdaky
birnäçe döwletleriň – Azerbaýjanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň,
Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň, halkara
guramalaryň – ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Halkara kuraş
assosiasiýasynyň we Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri bar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma
gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik we üns bilen diňlediler. Onda
gazanýan ähli üstünliklerimize şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar
durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna
öwrülen ýaşlarymyzyň goşandynyň örän uludygy nygtalýar.
«Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen
şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli
ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala
aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular» diýip, öz hatynda buýsanç bilen
belleýän döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylaryň geljekde-de döwletimiziň
mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara at-abraýynyň has-da belende
galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk
ynam bildirdi.
Häzirki döwürde ýaş nesiller özleriniň bilimlerini we zehinlerini dürli
ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda we
sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet we hususy düzümlerde üstünlikli zähmet
çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň
gatnaşýarlar. Olaryň gazanan üstünlikleri şu gezekki köpugurly sergide giňden
beýan edilýär.