26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
ugratdylar.
Paýtagtymyzyň howa menzilinde Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin bilen bolan söhbetdeşlikde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk
gelýän hem-de strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara
dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.
Doly ygtyýarly wekiliň nygtaýşy ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen netijeli
gatnaşyklara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet
berilýär. Diplomat netijeli gatnaşyklary ähli esasy ugurlar boýunça
işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedowyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň nobatdaky resmi
däl duşuşygyna gatnaşmagynyň köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan
beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine, GDA-nyň giňişliginde köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän
Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň,
durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şunda ähli gyzyklanma
bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, abraýly iri halkara guramalaryň,
sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns
berilýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler
bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň
milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň
bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk,
netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri
taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik
hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan guramanyň giňişligindäki özara
bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli
gatnaşmagy hem-de öňe sürýän, döwrüň talabyna laýyk gelýän başlangyçlary munuň
aýdyň beýanydyr.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg
şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy
resmi adamlar garşyladylar.
Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan
Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň
Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň
döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp
gördüler. Hususan-da, “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin
şäherçesindäki “Sarskoýe selo” döwlet muzeý-goraghanasynyň, “Petergof” döwlet
muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Pawlowsk”
döwlet muzeý-goraghanasy toplumyna tarap ugrady.
Merkezi girelgäniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.
Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän “Kongresler köşgi”
döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki
duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi we Täze
ýylyň öň ýanyndaky resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine
gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça
seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin
esasy ugurlary kesgitlenildi. Umuman, 2023-nji ýyl Arkalaşyk üçin örän netijeli
boldy. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine
ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli
ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze
ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary
durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma
bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, GDA agza ýurtlaryň ählisiniň sebit we dünýä derejesindäki
hyzmatdaşlygyň binýadyna goýlan esasy ýörelgelere ygrarly bolmagy Arkalaşygyň
giňişligindäki üstünlikli işiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen birlikde,
geçen ýyllaryň dowamynda GDA döwletleri hyzmatdaşlyk ýoluna üýtgewsiz
eýerýärler, taraplaryň hoşmeýilli erki, deňhukuklylyk, ynanyşmak bolsa onuň
ygtybarly binýady bolup durýar. Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk sebit
boýunça goňşy ýurtlaryň bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesinden, milli
ykdysadyýetleriň ýeten sepgitlerinden ugur alyp hem-de ähli taraplaryň bar
bolan ägirt uly ykdysady, serişde kuwwatyny nazara almak bilen, däp bolan
netijeli dialogy hil taýdan täze derejä çykarmaga, oňa has toplumlaýyn we işjeň
häsiýet bermäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy
ýola goýmak üçin netijeli meýdança hökmünde garap, yzygiderli esasda anyk
teklipleri öňe sürýär. Hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşlerini işläp
taýýarlamak bu teklipleriň baş maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň
13-nji oktýabrynda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze
netijeli başlangyçlar bilen çykyş edendigini bellemek gerek. Bu başlangyçlaryň
durmuşa geçirilmegi GDA-nyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara
itergi bermäge, diňe bir Arkalaşygyň giňişliginde däl, eýsem, tutuş dünýäde-de
howpsuzlygy, durnuklylygy, okgunly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bişkekdäki sammitde öňe süren ileri
tutulýan garaýyşlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň
Baş Assambleýasynyň belent münberinden beýan eden başlangyçlaryna doly laýyk
gelýändigini bellemek möhümdir. Munuň özi, hususan-da, BMG-niň howandarlygynda
Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Bitaraplyk we howpsuzlyk
institutyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň
çäklerinde türkmen tarapynyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary
toparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada Howpsuzlyk boýunça
maslahaty döretmek bilen bagly başlangyçlardyr.
2023-nji ýylyň güýzünde ýokary derejede geçirilen duşuşykda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun
dolanyşygy, adam söwdasy, GDA-nyň giňişligine radikal we ekstremistik
elementleriň aralaşmagy ýaly häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak,
kiberhowpsuzlyk we beýleki wehimler bilen baglanyşykly meseleler boýunça
tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ykdysadyýet Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry
bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Aşgabatdaky GDA-nyň
sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy
döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň kabul
edilendigini bellemek gerek. Bu resminama soňra kabul edilen hem-de söwda,
senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki
pudaklarda ýakyndan hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan GDA-ny ykdysady taýdan
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Bu ugurlar Arkalaşygyň
döwletleriniň daşarky bazarlarda mynasyp bäsdeşlik edip biljek, hyzmatdaşlara
amatly şertleri teklip edip biljek ugurlarydyr.
Türkmen tarapy GDA-nyň ykdysady bähbitlerini onuň geografik çäklerinden
daşarda ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara goňşy ýurtlary we sebitleri
çekmegiň möhümdigini bellemek bilen, giň gerimli Demirgazyk — Günorta we
Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgelerini ösdürmek bilen baglylykda,
energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça
başlangyçlar bilen çykyş etdi. Çäk taýdan goňşy we ýola goýlan dost-doganlyk
gatnaşyklar bilen baglanyşýan GDA döwletleri häzirki döwürde uly
artykmaçlyklara eýedir. Bu artykmaçlyklaryň doly derejede peýdalanylmagy bolsa
ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk GDA-nyň formatynda, ozalkysy ýaly,
möhümdigine galýar. Halklarymyzyň medeni özara baglanyşygy we ruhy taýdan
ýakynlygy, köpasyrlyk umumy taryhymyz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň
berk binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklaryň
giňeldilmeginiň şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçirilen GDA agza döwletleriň
Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde esasy mesele
bolandygyny bellemek gerek. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň umumy
pikirine görä, ylym, bilim, medeniýet, sungat, ýaşlar syýasaty, saglygy
goraýyş, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ýurtlaryň we halklaryň
ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Parlament ugry boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn höweslendirmek we
işjeňleşdirmek, şu maksat bilen, Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň
tejribesini işjeň ulanmak GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ýene-de bir
möhüm ugrudyr. Bu babatda Türkmenistanyň häzirki döwürde parlament
diplomatiýasynyň barha artýan ornuny nazara almak bilen, GDA döwletleriniň
parlamentleriniň ýolbaşçylaryny birleşdirýän hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşini
örän möhüm hasaplaýandygyny bellemek wajypdyr.
Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara abraýynyň belende
galmagy, onuň häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsiriniň artmagy
ugrunda çykyş edýär. Şu geçen ýyllaryň dowamynda GDA ýurtlary döwletara
gatnaşyklarda deňhukuklylyk, hormat goýmak ýörelgelerine berk eýerýärler,
ählumumy gün tertibinde parahatçylyk we dialog medeniýetiniň berkarar edilmegi,
dünýäde durnuklylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda çykyş edýärler hem-de
Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Bu babatda
olaryň halkara we sebit guramalarynyň meýdançalaryndaky işjeň hem-de netijeli
hyzmatdaşlyga, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalaryna garalanda we kabul edilende, BMG-niň saýlawly edaralaryna
dalaşgärlere ses berlende özara goldaw bermegiň ýola goýlan tejribesi
bellenilmäge mynasypdyr.
Ýakynda — 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň
49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüşi
üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de
«Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň
arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Arkalaşyk boýunça hyzmatdaş ýurtlar şol resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş
etdiler.
Gatnaşyjy döwletleriň halkara giňişlikde birek-birege berýän goldawy ägirt
uly syýasy-diplomatik mümkinçiliklere eýe bolan Arkalaşygyň ýurtlarynyň
Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara we sebit düzümlerinde
ylalaşykly garaýyşlar bilen çykyş edýändikleriniň aýdyň beýany bolup durýar.
Şunda agza ýurtlaryň ählisi dünýä syýasatyna, hukuga hormat goýmagy, dialogyň
medeniýetini, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmagy we aýdyňlygy
gaýtaryp getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Hut şeýle çemeleşme Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çeýeligi saklap
galmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda GDA-nyň
çäklerinde ýakynlaşmak proseslerini ösdürmäge gönükdirilen mehanizmleri işläp
taýýarlamaga mümkinçilik berýär, umuman, halkara durnuklylyk we howpsuzlyk
ulgamynyň aýrylmaz bölegi hökmünde bu birleşmäniň hereket etmegini
şertlendirýär.
Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda öňde durýan maksatlaryň we
wezipeleriň umumylygyndan ugur alyp, däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunda
bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, GDA agza
ýurtlaryň arasynda ulgamlaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmegiň
zerurdygy bellenildi. Ýakyn we uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, özara
gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde
döwlet Baştutanlary şu ýyl dürli forumlarda, çärelerde we duşuşyklarda kabul
edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň dostlukly halklaryň abadançylygynyň
bähbidine GDA-nyň giňişliginde döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam
etjekdigine berk ynam bildirdiler.
Umuman, sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşylan ýokary derejeli resmi däl görnüşdäki bu duşuşyk GDA gatnaşyjy
ýurtlaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklar, özara
bähbitlilik we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak esasynda bilelikde
ösdürmäge çalyşýandyklarynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
...Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline
bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa
Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
I.Wolynkin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň
üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň resmi däl sammite
gatnaşmagynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň
umumylygyna ygrarlylygyň, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine
esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nyşanydygyny
belledi. Şunuň bilen birlikde, däp bolan dostlukly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň
mundan beýläk-de özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda
pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk
ynam bildirildi.