25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa
gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem
zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny
belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar
— Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň
häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär
diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň ýaşlar ýylynyň
jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata
we sergä sowgat boljakdygyny nygtady.
Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hasabat bermek üçin Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz
berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin
welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş,
geriş çekmek işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we
gurallary abatlamak, bejermek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de
bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk
önümleri bilen doly üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň
elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligi gözegçilikde
saklanylýar. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda
gije-gündiz nobatçylygy guramak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki
wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we ýokary
hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly
ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň gözegçilikde
saklanylmagyny häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow ýerine ýetirilýän oba hojalyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam
edýär, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri
geçirilýär. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak boýunça
zerur çäreler görülýär.
Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri, hususan-da, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk
harytlarynyň bolçulygyny döretmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň
ýyladyş ulgamlaryny sazlaşykly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy,
tebigy gaz bilen üpjün etmek, baýramçylyk günlerinde edaralarda hem-de
kärhanalarda nobatçylygy guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine
ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de ak ekine edilýän
ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi, gowaça ekiljek ýerlerde
sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly
ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi
S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky
hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde we agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir
hatarda, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işleriň
çäklerinde welaýatyň bazarlaryny, dükanlaryny dürli azyk harytlary bilen
bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek, edara-kärhanalarda baýram günlerinde nobatçylygy guramak boýunça
degişli çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günlerde ýerine ýetirilýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny
berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk
gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýerine ýetirilýän oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly
üçin bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek
ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş,
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde
işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak üçin
zerur işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, baýram günlerinde
welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny halkyň sarp edýän azyk harytlary bilen
doly üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz
suwy bilen üpjün etmek, welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda nobatçylygy guramak
boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän
oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň
zerurdygyna ünsi çekdi hem-de ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde
ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň
talabalaýyk geçirilmegini häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly,
sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak
maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerinde
ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Welaýatda Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen
bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýaşaýjylaryň elektrik energiýasy, tebigy gaz
we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak,
edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak boýunça zerur çäreler
görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur
talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň
agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, gant
şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar.
Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme
taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda işleýän alymlaryň we tejribeli
hünärmenleriň gatnaşmaklarynda welaýatlara iş saparlary guralýar. Bu saparlaryň
dowamynda etraplarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, bugdaý
ösdürip ýetişdirmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişi, tehnikalaryň
taýýarlanylyşy we ulanylyşy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
degişli işleriň geçirilişine ýerinde gözegçilik edilýär hem-de bu ugurda
daýhanlara degişli maslahatlar berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde
bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp
barylmagyny, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça
geçirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk
ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny
belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz iş
maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli
azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çagyryldy. Ol,
ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag
şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan
we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda
dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheri häzirki günde müňlerçe
adama bagt paýlaýar. Munuň üçin şäheriň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy hem-de häzirki wagtda gurluşyk işleri
guramaçylykly dowam edýär.
D.Orazow çykyşynyň dowamynda “Arkadag” futbol toparynyň ýakynda
Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy
baradaky hoş habary aýtdy we bu futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri
gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy döwlet Baştutanymyzdan “Arkadag” futbol
toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş
etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň
hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň
Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda
ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we «Arkadag»
futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin
ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş
maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň
rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine
gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.