Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbanguly Berdimuhamedow
türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda
şeýle sözler bar:
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Taryhyň
ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline
gadam basarys.
2023-nji ýyl ýurdumyzda«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyňmysalydyr. Bu
ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň
durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Biz diňe bir ýylymyzy däl,
tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys.
Ýaşulularyň
göreldesi – ýaşlaryň ýörelgesi.
Nesilleriň
dowamaty – döwürleriň baglanyşygy.
Biziň
başlan asylly işlerimizi ýaşlarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigi örän
guwandyrýar.
Bu
ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi
üçin asylly işler dowam etdirildi.
Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala
aşyryldy. Iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň
eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn
sahypasydyr. Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir!
Bu
şäher bagtyýarlygyň hem abadançylygyň şäheridir!
Bu
şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň şäheridir!
Gurmak
– gurplulykdan nyşan. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň
ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýär.
Hormatly
adamlar!
Ýaşuly
nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde
ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet
berýäris.
Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri,
ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna
sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen
belläsim gelýär.
Bu
ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň
gurluşygyna hem badalga berdi. Ajaýyp mekanda täze binalar, desgalar gurlup,
ýaşaýyş gülläp ösýär.
Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary,
bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk
edaralary göwnüňi galkyndyrýar.
Munuň
özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň
görkezýär.
Mähriban halkym!
Arkadag
şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat
desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berler. Ekologiýa talaplaryna doly
laýyk gelýän önümçilikler ýola goýlar. Bu önümleri dünýä bazarlaryna-da
eksporta ugradarys. Şeýle hem, müňlerçe adamy iş bilen üpjün ederis.
Şu
ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täze şäherde birnäçe bilim ojaklary
açylyp, ulanmaga berildi.
Gurluşyklaryň
ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk
uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de, oba hojalyk
ylmy-barlag institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy,
ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy
bilen bagly başga-da köp işler ýerine ýetirildi.
Eziz watandaşlar!
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde hem Watanymyzyň
at-abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn!
Biz
ýaş nesle hemişe uly ynam bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle
sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip,
olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam ederis.
Pederlerimiz:
«Agzybir il –abadan» diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp
barýan işlerine täze ýylda hem mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini
gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem
Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdyr. Arkadagly Serdarymyzyň
belleýşi ýaly: «Döwlet diňe halky bilen döwletdir! «Watan diňe halky bilen
Watandyr!».
Mähriban halkym!
Hormatly adamlar!
Men
hem pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze, luw ýyly bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
«Balyk
– halyk» diýlişi ýaly, Täze ýylda-da size berk jan saglygyny, her bir maşgala
ojagyna abadançylygy, egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin!
Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin!
Täze
ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!