Türkmenistanyň söwda toplumy 2023-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlaýar. Şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2022-nji ýylyň degişli döwründäki görkeziji bilen deňeşdirilende 9,9 göterim ýokarlandy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 100,7 göterime, önüm öndürilişiniň ösüş depgini-de – 100,7 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri söwdalaryň 275-si geçirilip, şolarda 27 müň 762 şertnama hasaba alyndy.

Garalýan döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça ösüş depgini 109,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda sergileriň 26-sy we forumlaryň 78-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça agzalýan döwürde oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň ösüşi 109 göterime ýetdi, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 109,4 göterim boldy.

Ýurdumyzda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde bu işlere telekeçileri işjeň çekmäge örän uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»