20-nji dekabrda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň
Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gahryman Arkadagymyz,
ilki bilen, RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal
Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30
ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy
wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly,
tamamlanyp barýan 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklary giň ugurlar
boýunça okgunly ösüşe beslendi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli
Lideri ýokary döwlet, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklaryň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň esasy şerti bolup durýandygyny
belledi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň yzygiderli duşuşyklarydyr saparlary
strategik döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak
üçin mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamda we halk
diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi aýdyldy,
Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak,
olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy
berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur şertleri
döretmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.
Öz gezeginde, Russiýanyň
parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň
garaýşyny tutuşlygyna goldap, rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly,
häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy özüniň döwlet durmuşynda jogapkärli döwri
başdan geçirýär. Geljek ýylyň martynda geçiriljek RF-niň Prezidentiniň
saýlawlary döwletiň we jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge
gönükdirilen syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerini amala aşyrmakda möhüm
tapgyr bolar. Russiýanyň köpmilletli halkynyň dogry taryhy çözgüdi kabul
etjekdigine, şunlukda, rus halkynyň köp nesilleriniň uzak möhletleýin geljek
üçin ykbalyny kesgitlejekdigine ynam bildirildi.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy, medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň
zerurdygyny bellediler. Şunda hökümetara türkmen-rus toparyna wajyp orun
degişlidir. Şol toparyň nobatdaky mejlisi geljek ýylyň başynda Aşgabatda
geçiriler. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, beýleki
pudaklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen
baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle-de söhbetdeşligiň
dowamynda iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň
netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we
Russiýanyň özüni halkara gatnaşyklaryň jogapkärli, hormata mynasyp
gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi. Şunda RF-niň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we
öňdengörüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän
Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet
işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Telefon arkaly
söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»