24-nji maýda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň jemgyýetçilik we ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşup, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän raýatlary, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, medeniýet işgärlerini, ministrlikleriň we beýleki edaralaryň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Sylaglanyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy, ministrlikleriň, edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlar öz alyp barýan işlerine berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda özgertmeleriň, asylly tutumlaryň amala aşyrylmagyna öz yhlasly zähmetleri bilen goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, milli arhitektura ulgamyny täze derejä çykarmakda, döwrebap şäher gurluşyk infrastrukturasyny emele getirmekde goşan şahsy goşandy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen ady dakmak boýunça karar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli baş şäherimiziň ýaşaýjylaryna gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli halkymyza iberen gutlagynda:«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, biz iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleri, inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen milli binagärlik ugurlary utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýarys» diýip bellenýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gutlag sözünde:
«Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abada durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr» diýip nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde, Garagumuň altynsow gujagynyň bir künjünde ýerleşýän Aşgabat şäheriniň gözelligi, şöhratly geçmişi, paýtagtymyzyň täze we döwrebap keşbini döretmek, ony ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler hakynda aýratyn belledi: «Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilgäh zolaklaryny döretmäge, şaýollaryň we köçeleriň durkuny täzelemäge uly ähmiýet berýäris».
Gutlag sözünde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamamyzyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan döwrebap binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň dünýäde iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan köpugurly işlerimiziň dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýändiginiň anyk subutnamasydyr.
Aşgabatda häzirki zaman medeniýet edaralarynyň ― kitaphanalaryň, kinoteatrlaryň, muzeýleriň, medeniýet merkezleriniň, medeni-dynç alyş maksatly seýilgähleriň, kinokonsert merkezleriniň birnäçesi hereket edýär. Halkara derejedäki maslahatlar, sergiler, konsertler, festiwallar yzygiderli geçirilip, gözel paýtagtymyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülýär» diýip bellenýär.
«Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de üstünlikli dowam etdireris» diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag sözüni jemledi.