Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýokary derejede we guramaçylykly jemlemek hem-de şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine, Aşgabat şäheriniň häkimligine, Söwda-senagat edarasyna beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi şu halkara ylmy-amaly maslahat, sergiler we dabaralar bilen bagly alnyp barylýan işleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi