Geçen hepdede Türkmenistanyň
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Owganystanyň we beýleki
ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna karbamidi
(«Türkmenhimiýa» döwlet konserni), yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,
Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük we mata, pagta
süýümi, gaýtadan dikeldilen süýüm, pagta egriji hem-de senagat önümçiliginiň dürli
görnüşli galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň
22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin bahasy 220 million manada golaý bolan tehniki ýody
(«Türkmenhimiýa» döwlet konserni), polipropileni, nebit bitumyny, binýatlyk
ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, nah ýüplügi we
beýlekileri satyn aldylar.