16-njy
dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş
saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde
ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi.
Şu günler paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň
beýleki künjeklerinde hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp
garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň
çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet
berilýär. Şunda dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün
edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji dekabrda geçiren Ministrler
Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli
işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň bazarlarynda dürli
harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn işler dowam edýär.
Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ilata
hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe
tabşyryklary berdi. Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýän şu günlerde söwda
toplumyna degişli düzümleriň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydyr.
Gahryman Arkadagymyzy täze şäherde Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Arkadag şäher Alyjylar
jemgyýetiniň başlygy H.Muhammedow garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäherde hereket edýän söwda
toplumlarynyň, aýratyn-da, “Gökdere” söwda merkeziniň işi, söwdanyň guralyşy we
ilata hödürlenilýän harytlar bilen tanyşdy. Bu ýerde azyk we senagat harytlarynyň
köp görnüşi ýerleşdirilip, olar hili hem-de elýeterli bahasy babatda häzirki
zaman talaplaryna, halkymyzyň ösen islegine doly laýyk gelýär. Merkeziň giň
söwda zallarynda sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen dürli gök
hem-de miwe önümlerini satyn almak bolýar. Munuň özi Täze ýyl baýramyny ýokary
derejede garşylamagyň möhüm şertidir. Bularyň ählisi Watanymyzda azyk
bolçulygyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň oňyn
netije berýändigine, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Bu ýerde her bir adam özüne gerek harydyny tapyp bilýär.
Ýöriteleşdirilen söwda zolaklarynyň harytlaryň görnüşlerine görä bölünmegi
alyjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Täze merkezde elektron söwda ýola
goýuldy, ýagny söwda hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak bolýar.
Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinden çykman, gerek harytlary sargyt edip bilýärler.
Eltip bermek hyzmatynyň ýola goýulmagy söwdanyň medeniýetini we bu toplumyň
ähmiýetini artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde durmuşyň
ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belläp, ilatyň
intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Gahryman
Arkadagymyz bu işlerde innowasion we döredijilik usullaryny netijeli ulanmagyň
zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz merkezde işleýän satyjylar bilen
söhbetdeş bolup, hödürlenilýän önümleriň hili bilen gyzyklandy. Olar, öz
nobatynda, alyjylar hem-de işgärler üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän hemme
zerur şertleriň döredilendigini bellediler we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
Bu ýerde elektron aragatnaşyk arkaly ýola goýlan işler
söwdany guramagyň ýokary derejesini üpjün edýär, alyjylaryň islegini doly
kanagatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, bu usul önüm öndürijiler üçin bolşy ýaly,
alyjylar üçin hem örän amatly. Çünki sargyt edilen harytlar, dürli önümler we
taýýarlanylan naharlar wagt ýitirmän müşderilere ýetirilýär. Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň söwda toplumynda ýola goýlan döwrebap hyzmatlaryň
hem-de elektron söwda dolanyşygynyň tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk bolmalydygyny
belläp, bu işleriň Watanymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän dükanlarda we
bazarlarda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara
birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi ilatyň ösen islegini
kanagatlandyrmak meseleleriniň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet
berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Söwda merkezinde azyk önümleri üçin ýörite zolagyň
bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň anyk netijesidir. Şol zolakda et,
balyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, ter gök we miwe önümleriniň,
unuň, beýleki däneli ekinleriň gaplanan we gaplanmadyk görnüşleri
hödürlenilýär. Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen köpugurly söwda
merkezleri mähriban topragymyzyň sahawatyny, berekedini görkezýär. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, önümleriň elýeterli
bahasynyň ýola goýulmagy we önüm bolçulygynyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň
möhüm wezipeleriniň biridir. Hut bazarlaryň ýagdaýy halkymyzyň abadançylygynyň
yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.
Arkadag şäheriniň söwda merkezinde ilatyň dürli
isleglerini kanagatlandyrmak üçin hemme mümkinçilikler döredilipdir. Şunuň
bilen birlikde, önümleriň giň görnüşi oba hojalyk we azyk senagatynyň
kuwwatlyklarynyň barha artýandygyna, ýurdumyzda azyk bolçulygyna şaýatlyk
edýär. Bu bolsa önüm bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň
başyny başlan asylly işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Şunuň
bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň oba
hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň
gatnaşýandygyny bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz söwda merkeziniň we onuň dolandyryş
düzüminiň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, olary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy
bilen gutlady hem-de hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Işgärleriň ählisi Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda
söwda merkezine gelip, söwdanyň derejesi bilen tanşandygy, ýokary derejeli hyzmaty
guramaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mundan başga-da, olar merkeziň hödürleýän
elektron hyzmatlaryndan alyjylaryň hoşallyklarynyň çäginiň ýokdugyny, halkymyza
hyzmat etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtadylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde azyk
bolçulygynyň berkidilmeginde hususyýetçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp,
telekeçileriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda täze, döwrebap
söwda merkezlerinde söwdanyň ýokary medeniýetini üpjün edýändiklerini
kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi bilen
bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda aýratyn
ähmiýetlidir.
Gahryman Arkadagymyz merkeziň işgärleriniň alyp barýan
işlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde olaryň her birine Täze ýyl baýramçylygy
mynasybetli toý sowgatlaryny gowşurdy we mundan beýläk-de netijeli işläp,
halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik
toplumlarynyň gurluşyklaryna gatnaşmaklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän
desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Şeýle hem häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi
senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylýan konsepsiýanyň çäklerinde
Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, önümçilik kuwwatlyklarynyň
enjamlaşdyrylmagy, täze şäherde bina ediljek desgalaryň döwrebaplygy hakynda
giňişleýin maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň desgalary
bina edilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we bu
künjegiň ekologik ýagdaýyny degişli derejede saklamagyň möhüm wezipe hökmünde
kesgitlenendigi barada aýtdy. Meýilleşdirilýän desgalar gurlanda ulanyljak
gurluşyk serişdeleri, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça
kesgitlenen işler, binalaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berildi.
Şunda gurluşyk serişdeleriniň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly
meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyk
derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine
ýetirilýän işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we milli binagärlik
ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şunda milli binagärligiň döwrebap
ýörelgeleri, aýratyn-da, gurluşyk ulgamynyň täzeçil usullary işjeň
ulanylmalydyr diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri
berdi.
Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramynyň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmelidigini, baýramçylyk dabaralarynyň, çagalar üçin bolşy
ýaly, ulular üçin hem ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmelidigini belläp,
Gahryman Arkadagymyz bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede
alnyp barylmalydygyny aýtdy we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda üstünlik
arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen bu günki gün
Köpetdagyň eteginde dörän Arkadag şäheri bagtyýar watandaşlarymyz üçin iň
amatly ýaşaýyş gurşawyny özünde jemleýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli
künjeklerinde bolşy ýaly, täze şäheriň ýaşaýjylary hem Täze ýyly baýram etmäge
taýýarlyk görýär. Şäher ýaşaýjylary döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp,
bazarlarda we söwda nokatlarynda dürli harytlary elýeterli bahalardan satyn
alýarlar. Söwda ulgamynyň işgärleri sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly
adamlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.
Söwda ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň bu
ulgamda döreden şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de
söwda nokatlaryny dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmek bilen, halkymyzyň
isleglerini kanagatlandyrýarlar. Öndürilen azyk harytlarynyň köp görnüşlerini
elýeterli bahalardan ilata hödürleýärler.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň söwda
merkezlerinde giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ýaşaýan ildeşlerimiz şeýle
amatlyklara eýe bolmak bilen, islendik harydy ýa-da önümi sargyt edip bilýärler
we tiz wagtda alyp, nagt däl görnüşde töleg geçirip bilýärler. Şeýle döwrebap
mümkinçilikler, halkymyzyň abadan durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk
aladalarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň
netijesidir.