Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we BMG-niň Türkmenistandaky edarasy häzir hereket edýän Özara düşünişmek Ähtnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Hereket meýilnamasyna gol çekdi. Gol çekilen resminama Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin geljek barada umumy garaýşy beýan edýär.

2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hususy pudagyň möhüm orny bar. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orna eýedir. Hususy pudak söwda, maliýe we maýa goýumlarynda dürli innowasiýa görnüşlerini girizmekde öňdäki hatarda durýar.

Hususy pudagyň gurluşy diýseň dürli-dürli: iri korporasiýalar we maliýe guramalary, aýry-aýry telekeçiler, pudaklaýyn we hünär birleşikleri.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr"