Aşgabatdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda talyplaryň arasynda ykdysady howpsuzlyk boýunça internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

 

Bellenilişi ýaly, olimpiada gatnaşanlar üçin hödürlenen gönükmeler häzirki zaman ykdysady howpsuzlyk nazaryýetine, şeýle hem amaly tejribeden alnan mysallara esaslandy.

 

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Nyýazmuhammet Nyýazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Begli Berdimyradow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Aşyr Jumagulyýew, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Keýmir Öwezow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Bereket Şatlykow olimpiadada üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlara mynasyp boldular.

 

Olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň arasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri hem bar.