Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,
Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn
aldylar. Şeýle-de Owganystanyň işewürleri EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen
Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine
aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, ýüpek çig maly, arassalanan nah galyndylary
ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 83 million 643 müň dollaryndan
gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi
bahasy 14 million 465 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we gaplama
plýonkasyny («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, ýüpek çig
malyny satyn aldylar.