11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň,
konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan
daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ertir, 12-nji
dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini
nygtap, ýygnananlary we mähriban halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden
gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş
kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly
baýramlarymyzyň öň ýanynda günäsini geçýäris. Beýik ata-babalarymyzyň
rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden
boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri
boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz
berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini
geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly
6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky
Permanlara gol çekdi. Toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp,
olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur
işleri geçirmek barada görkezme berdi.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine,
beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça
degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa
yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz
goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal
zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Daşary işler ministrliginiň,
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň adyndan döwlet
Baştutanymyzyň şu günki duşuşygy geçirmek baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi. Bu çäre türkmen diplomatlary üçin hemişe ýylyň iň möhüm
wakasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu duşuşygyň hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki hereketleriniň
häzirki we ýakyn döwri, milli diplomatiýamyzyň işiniň ugurlarydyr gurallary
baradaky garaýyşlaryna düşünmek üçin oňat mümkinçilikdigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy
bilen “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy”
işlenip düzüldi we kabul edildi. Bu Konsepsiýa türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan
binýady goýlan daşary syýasat strategiýasynyň logiki dowamyna öwrüldi.
Resminamada häzirki zaman dünýä syýasatynyň ösüşiniň esasy meýilleri hem-de
ýurdumyzyň ondan gelip çykýan dünýä we sebit derejesindäki ileri tutýan
ugurlary beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, bu Konsepsiýa ýurdumyzyň daşary
syýasat edarasynyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň we
konsullyklarynyň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen işi üçin aýdyň
ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
tabşyryklaryna laýyklykda, Daşary işler ministrligi öz işini Türkmenistanyň
dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge
gönükdirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşky gurşaw meselelerini öňe
sürmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi we dünýädäki ýagdaýlary
kadalaşdyrmakda onuň giň orun tutýandygy baradaky çuňňur, öňdengörüjilikli
seljermesiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Daşary işler ministrliginiň
bu ugurdaky işleriniň many-mazmunyny kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiziň beren örän anyk häsiýetli
tabşyryklarynyň beýleki ugurlary, şol sanda howpsuzlyk babatdaky hereketleri,
sebit mowzuklaryny, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini we
halkara ynsanperwerlik meselelerini hem öz içine alýandygy nygtaldy. Şu
nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň belent
münberinden yglan eden başlangyçlary aýratyn bellenildi. Wise-premýer, daşary
işler ministriniň nygtaýşy ýaly, türkmen diplomatlary bu halkara ähmiýetli
tekliplere esaslanyp, BMG tarapyndan degişli köptaraplaýyn resminamalaryň
taýýarlanylmagy we kabul edilmegi boýunça iş alyp barýarlar. Şol bir wagtda,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryny
netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen täze halkara gurallary döretmek işleri
dowam etdirilýär.
Wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň
diplomatik düzüminiň adyndan döwlet Baştutanymyza netijeli işlemek babatda
döredilýän şertler, diplomatik gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
pugtalandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça
wezipeleri üstünlikli çözmek, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da
belende galdyrmak üçin mundan beýläk-de ähli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine
ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,
ilçihanalaryň, konsullyklaryň we ýurdumyzyň halkara guramalaryň ýanyndaky
wekilhanalarynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan
saglyk, jogapkärli döwlet we halkara işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň dowamynda diplomatik gullugyň işgärlerini
wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä hem seredildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow A.Haljanowy,
başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň
ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa
Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden
boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz W.Hajiýewi daşary işler
ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyp, ony Birleşen Milletler Guramasynyň
Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de
Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi wezipelerine belledi.
A.Gurbanow Türkmenistanyň Eýran Yslam
Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden
boşadylyp, ol daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz B.Mätiýewi, başga işe geçmegi
sebäpli, daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy. Şonuň
ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara
gatnaşyklary bölüminiň müdiri S.Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň
daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, däp bolşy
ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň
jemini jemlemek, geljekde öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin duşuşýarys diýip
belledi. Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys.
Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin
daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy
ýaly, şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy,
howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek,
dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary
giňeltmek boýunça yzygiderli işleri geçirdi. Parlamentara gatnaşyklaryň gerimi
giňäp, mazmuny baýlaşdy.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine
ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow aýtdy hem-de energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň
üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilýändigini nygtady. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly
halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar. Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan
kabul edilen «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar muny aýdyň
tassyklaýar. Şeýle hem biziň ýurdumyz dört sany dürli halkara guramanyň
düzümine saýlandy.
Türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny dünýä wagyz
etmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda
hyzmatdaşlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň
ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek
däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilendigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan
we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän
«Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Gazagystan we
Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly
köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini nygtady.
Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak
meselesi ählumumy häsiýete eýe bolup durýar. Onuň täsirlerine garşy göreşmekde
dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap
Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen 28-nji maslahatynyň işine
Türkmenistanyň gatnaşmagy möhüm waka boldy. Bu maslahatda biziň ýurdumyz
Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bu çözgüt geljekde
Türkmenistanyň halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler we ýöriteleşdirilen
institutlar bilen hyzmatdaşlygyny kesgitlär diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady hem-de metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýurdumyzyň pudagara
toparyna Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek boýunça
işleriň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar
boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň syýasy-diplomatik
taýdan işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi. Bu ugurda ilkinji uly ädim
ädildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi we howanyň
üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalary Türkmenistanda we Merkezi Aziýa
döwletlerinde ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny işläp düzmek
üçin şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Merkezi
Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini
açmak üçin BMG we hyzmatdaş ýurtlar bilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy, durnuklylygy
we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalara işjeň
gatnaşmagy maksat edinýär. Muny Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler
Guramasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda
Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek mümkinçiligini ara alyp
maslahatlaşmak baradaky teklibi aýdyň tassyklaýar. Bu babatda dünýä ösüşiniň
meýilleri hem-de häzirki döwrüň möhüm ýagdaýlary nazara alynmalydyr diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi hem-de Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp
düzmek maksady bilen, BMG-niň başlangyç toparyny döretmek boýunça Daşary işler
ministrligine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu işlere başlamagy
tabşyrdy.
Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly
ählumumy başlangyjyna yzygiderli eýermeli we ony tutanýerli öňe sürmeli. Wagt
munuň dogrudygyny we esaslydygyny görkezdi. Ony Türkmenistanyň döwletara
gatnaşyklarda dialog medeniýetini ykrar etmäge gönükdirilen tagallalary hem
tassyklaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam
etdi.
Çykyşynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini
belledi. Biz bu guramanyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ykrar edilen halkara
hukuk kadalaryna berk eýereris. Aýratyn-da, döwletara dialog üçin esas hökmünde
Milletler Bileleşiginiň ornuny dikeltmek hem-de berkitmek işlerini alyp bararys
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Bitarap döwletimiziň daşary
syýasatynyň strategik maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi içerki
ösüşi gazanmak üçin amatly halkara şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.
Türkmenistan dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary
ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýakyn goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly
hyzmatdaşlygy alyp barmak döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
biridir.
Biziň ýurdumyz sebitde, ilkinji nobatda, goňşy
döwletler bilen özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berer.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen
dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürer. Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynda we sebit hyzmatdaşlygynyň
beýleki görnüşlerinde gazanylýan möhüm ylalaşyklary hem-de çözgütleri takyk
ýerine ýetirmek üçin biz zerur işleri geçirmelidiris diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
Baştutanlary şu ýyl geçirilen gepleşikleriň dowamynda ýakyn hyzmatdaşlar
hökmünde esasy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge taýýardyklaryny
tassykladylar. Bu meseleler sebiti ösdürmekden, söwda-ykdysady we ynsanperwer
gatnaşyklary berkitmekden, ekologik howplara garşy göreşmekden ybaratdyr.
Şeýle hem Hazarýaka döwletleriň Aşgabatda geçirilen
altynjy sammitinde gazanylan ylalaşyklary doly ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaş
ýurtlar bilen netijeli işleri alyp barmagyň we Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy
hakynda Konwensiýa laýyklykda, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça
degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň döwletleri bilen syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli
pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýadan Ýewropa multimodal üstaşyr
ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny
amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmek barada görkezme
berildi. Ýaňy-ýakynda «Bir guşak, bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji
forumynyň ýokary derejeli maslahatynda biziň ýurdumyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň
üsti bilen Hazar deňziniň türkmen kenaryna, şeýle hem Eýrana, Ýakyn we Orta
Gündogar ýurtlaryna ulag geçelgesiniň taslamasyny teklip etdi. Şunuň bilen
baglylykda, taslama boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli gyzyklanýan
taraplar bilen anyk we maksada gönükdirilen dialogy ýola goýmak wezipesi öňde
goýuldy.
Biziň ýurdumyzy Ýewropa döwletleri bilen energetika,
ulag, tehnologiýalar we ençeme beýleki ugurlar boýunça geljegi uly meýilnamalar
hem-de maksatnamalar baglanyşdyrýar. Bu meýilnamalardyr maksatnamalara anyk
many-mazmun bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
nygtady.
Bellenilişi ýaly, Orta Gündogar ýurtlary
Türkmenistanyň öňden gelýän möhüm hyzmatdaşlarydyr. Bu ýurtlar bilen bizi diňe
çuň taryhy gatnaşyklar däl-de, häzirki ösüşiň oňyn mümkinçilikleri hem
birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzyň
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň aýratyn
ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hususan-da, bu gurama girýän döwletler bilen
ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy
dowam etdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň arap dünýäsiniň döwletleri
bilen gatnaşyklary has-da ösdürildi. Bu hyzmatdaşlygymyzy täze «Merkezi Aziýa —
aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşiniň çäklerinde-de
pugtalandyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Bular geljegi örän uly bolan ugurlardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we
şeýle hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplaryna üns bermegiň zerurdygyny
belledi.
Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň
döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris diýip, hormatly
Prezidentimiz nygtady. Şol ugurlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynda we
beýleki halkara düzümlerde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk bellenildi. Munuň özi
howpsuzlyk, şol sanda azyk we ekologik meseleleri, zenanlaryň hukuklaryny üpjün
etmegi, halkara söwdada ösýän ýurtlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini
goramagy öz içine alýar. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem giň
mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlykda
parlamentara gatnaşyklara-da aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. Soňky
ýyllarda Türkmenistan parlament wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe iri
forumlary geçirmegi öňe sürdi we olaryň guramaçysy boldy diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň dowam etdiriljekdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine parlament
gatnaşyklaryna işiň aýratyn ugry hökmünde garamak we Türkmenistanyň Mejlisi
bilen bilelikde geljegi uly halkara çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak
tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz geljekde köp işleri ýerine
ýetirmegiň zerurdygyny belläp, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly işleri
alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
«Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda»,
«Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda», «Türkmenistan
bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary
tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararlara gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň
ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, döwlet
Baştutanymyza ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini yzygiderli goldaýandygy,
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işjeňligini ösdürmek
babatda edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara parahatçylygy we howpsuzlygy
berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy we sebitara
ähmiýetli ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň şol
başlangyçlary, öňdengörüjilikli teklipleri halkara derejede uly seslenme
döretdi hem-de olaryň esasynda işlenip düzülen anyk resminamalardyr çözgütler
dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň
ýanyndaky hemişelik wekili Watanymyzyň bitarap daşary syýasatynyň esasy
ýörelgelerine esaslanyp, halkara gatnaşyklarda giň gerimli işleriň durmuşa
geçirilendigini belledi. Hususan-da, Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň
halkara ýylynyň “Ýol kartasy” düzüldi, şu ýylyň dowamynda Bitaraplygyň dostlary
toparynyň düzümine 4 sany döwlet goşuldy, “BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi
Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly
Kararnama kabul edildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak
we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamada kesgitlenen wezipeleri durmuşa
geçirmäge gönükdirilen anyk işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň
durnukly ösüş ugrundaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen
baglylykda, energetika, ulag we daşky gurşawyň howpsuzlygy ýaly ileri tutulýan
ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli resminamalary, hususan-da, şu
ýylyň 16-njy maýynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamasy kabul
edildi.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň ýöriteleşdirilen
edaralarynda Türkmenistanyň wekilçiligini giňeltmek boýunça netijeli işler
dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine
ýetiriji geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara
komitetiniň, şeýle hem 2024 — 2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş
geňeşiniň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili
hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen bagly öňde goýan
wezipelerini ýerine ýetirmek, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa
geçirmek, dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmak,
milli bähbitleri berk goramak üçin türkmen diplomatlarynyň mundan beýläk-de
ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda A.Ataýewa hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan Halkara Bitaraplyk
güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew çykyş edip, döwlet Baştutanymyzy
we Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady
hem-de ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrmak babatdaky beýik
başlangyçlaryň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideriniň
başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki
abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär. Dürli döwletler bilen syýasy,
ykdysady we ynsanperwer ugurlarda deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri
halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň
düzüm birlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy
döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.
Diplomat 12-nji dekabryň “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip
yglan edilmeginiň, ýurdumyzyň tutuş adamzat bähbitli öňe sürýän
başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagynyň Watanymyzyň
abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp
barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýäniň
ähli ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden
ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, diplomat hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda taryhy we medeni umumylyklary bolan iki dostlukly döwletiň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini we hil
taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda
Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli bolmagy
köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna kuwwatly
itergi berdi. Ankara şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň
çäklerinde döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli berkitmek babatda
uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Saparyň jemleri boýunça
örän möhüm hökümetara we pudagara resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdy.
Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem-de
konsullyk edaralarynyň netijeli işlemekleri üçin hemmetaraplaýyn goldawy,
olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýändigi üçin
döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda ilçi hormatly Prezidentimizi ýetip
gelýän ajaýyp baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de
döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň, halkara abraýynyň has-da belende
galmagynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Ol şu gün Türkmenistanyň daşary
ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara
guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän
Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň hem-de onuň gün tertibine girizilen möhüm
meseleleriň ähmiýetini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasy ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky
beýanydyr.
Wise-premýer, daşary işler ministri sözüni dowam edip,
döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu
ýylda alyp baran işlerine seljerme berip, türkmen diplomatlarynyň öňünde täze
wezipeleri goýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri,
hususan-da, goňşy ýurtlar, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da
ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatlarynyň öňünde möhüm
wezipeler kesgitlenildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri şular barada
aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipeleriniň
üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin diplomatlaryň ähli tagallalary etjekdigine
ynandyrdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işine degişli birnäçe
möhüm resminamalara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara
ýüzlenip, 2023-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenendigini hem-de
“Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin
Konsepsiýasynda” şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz dünýä döwletleri bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürer. Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygy» atly Kararnamasyny ikinji gezek kabul etmegi we 12-nji dekabry
“Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde
ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik
işleriniň ykrar edilmegi hökmünde taryha girdi diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi.
Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyz Türkmenistanyň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň oňyn Bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine
esaslanýandygyny hem-de ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine
gönükdirilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, halkara hyzmatdaşlyk
syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, ýurdumyzyň sebitde we tutuş dünýäde
parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatyny
geljekde-de dowam etdirjekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog — parahatçylygyň
kepili” filosofiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
özgertmeleriň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Bitaraplyk
syýasatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyzyň Bitaraplygynyň baş
maksady adamzadyň geljeginiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk
ýörelgelerini bütin dünýä ýaýmakdan, halkara gatnaşyklary ösdürmekden,
syýasy-ykdysady, taryhy-medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlary
öňe sürmekden ybaratdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, sagdynlyk,
adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy,
ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, Halkara Bitaraplyk güni bilen
hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk,
mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.