Ýakynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýurduň uly baýramlarynyň öň ýanynda, jenaýat
edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen
raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi.
— Beýik ata-babalarymyzyň
rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden
boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys — diýip, döwlet Baştutany
aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä
geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy
B.Gündogdyýewe söz berdi.
B.Gündogdyýew iş kesilen
adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen
işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti
hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen 302 raýatyň,
şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permanlara gol
çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow
günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine,
maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň,
şäherleriň we etraplaryň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi
geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi
tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala
aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watana ak ýürekden
hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.