Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini gurar hem-de olary 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine berer. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi.

Şeýle hem ministrlik ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge, agzalan taslamalary taýýarlamak üçin, hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

Bu Karar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.