«Eziz watandaşlar!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara
Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn.
Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän,
parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan
Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini
has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzyň
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk baýramyny uly zähmet
üstünliklerine besläp, şatlyk hem dabaralar bilen garşylaýarys. Bu baýrama
bagyşlap, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda döwrebap binalardyr
kärhanalary ulanmaga berýäris. Durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan
üstünliklerimize, gözel Diýarymyzyň ýeňişlerine bagyşlanan medeni-jemgyýetçilik
çärelerini geçirýäris. Bu çäreler raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini
has-da pugtalandyrýar, bolelin, bagtyýar durmuşyň bähbidine uly üstünlikleri
gazanyp, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan mundan 28 ýyl ozal
taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz
döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda
dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli, maksada
okgunly daşary syýasaty alyp barýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik
Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly
halkara guramalar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy ýola goýup, özara bähbitli
gatnaşyklaryň has netijeli ugurlaryny kemala getirmekde oňyn tejribe toplady.
Hormatly adamlar!
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde
asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli
hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä
bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn
Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip
yglan etmek hakynda 2017-nji ýylda kabul eden taryhy Kararnamasy bolsa Garaşsyz
döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri üçin nusgalykdygyny nobatdaky
gezek ykrar etdi.
Biz «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen
ýörelgelerimize laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris.
Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga
çalyşýarys. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, has kämil, öňdebaryjy
tehnologiýalara daýanyp, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri
senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary,
döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze şäherçeleridir obalary gurýarys.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň
kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we
geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň
bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy,
Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk
Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa —
Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika
döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge uly ähmiýet berýäris. Söwda-ykdysady gatnaşyklary
ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk boýunça biziň
tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek,
halkara ulag geçelgelerini döretmek barada öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýäde
giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa
üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem
halkara bileleşigiň biziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar
edýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.
Biz içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan
mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň
öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalary
ederis.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28
ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize
berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Bitarap Watanymyzyň mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn depginli ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze
üstünlikleri arzuw edýärin».