9-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki
zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri
ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we
desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň
çyzgylary bilen tanyşdy.
Häzirki
döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha
ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we
Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde alnyp barylýan giň möçberli
şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň
ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy,
şol bir wagtyň özünde, şäheriň ekologik derejesiniň häzirki zaman talaplaryna
we halkara görkezijilere laýyk derejede saklanmagy ugrunda ýerine ýetirilýän
toplumlaýyn işler öz oňyn netijesini berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk
senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.
Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary barada
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi
Ş.Durdylyýew hasabat berdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň,
şol sanda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, onuň gurluşygynda
hem-de bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň şekil taslamalary, ýerleşjek
ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanylan taslamalar, olaryň
aýratynlyklary, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän
serişdeleriň görnüşleri, taslamalaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat
berdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy
meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar
toplumynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň, ýokary okuw mekdebiniň çäginde
oturdyljak heýkelleriň, Arkadag şäheriniň girelgesinde guruljak özboluşly
döwrebap arkanyň şekil taslamalary, Arkadag şäheriniň futbol klubunyň
futbolçylarynyň sport lybaslarynyň görnüşleri bar.
Hormatly
Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlerde, aýratyn-da, Arkadag
şäheriniň gurluşygynda ýokary hil derejesine, häzirki zamanyň ösen
tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm üns
berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň gurluşygynda alnyp
barylýan işlerde ekologik meselä möhüm orun degişli bolmalydyr. Bu ýerde bina
ediljek dürli maksatly desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman
nusgasyny özünde jemlemelidir. Aýratyn-da, Oba hojalyk uniwersitetiniň we oňa
degişli ylmy-önümçilik merkezleriniň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy ösen
talaplara laýyk gelmelidir. Obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly
ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ýokary okuw mekdebiniň, oňa degişli ylmy-barlag
institutlarynyň binalary we ugurdaş düzümleriniň ähli desgalary bu şäheriň
binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Bu barada
aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina ediljek obasenagat
toplumyna degişli bilim ojagynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygynda
milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň
utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Ähli desgalaryň binagärlik sazlaşygynyň üpjün
edilmegi, olaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylmagy möhüm
talap hökmünde kesgitlenendir.
Oba
hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän
şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, Milli Liderimiz bu künjekde ýurdumyzyň oba
hojalyk pudagynda uly iş bitirip, belent abraýa eýe bolan şahsyýetleriň
heýkellerini oturtmak meselelerini işjeň öwrenmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň
özünde, gurluşyklarda we binalaryň bezeg işlerinde milli ýörelgelere zerur üns
berilmelidir.
Gahryman
Arkadagymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp, obasenagat
toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň
gurluşygyna, olaryň bezeg işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmelidigine ünsi çekdi.
Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilýän maksatnamalaryň üstünlikli amala
aşyrylmagy obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertini emele
getirýär. Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplaryň bu ýerde bina ediljek
ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy
esasda içgin özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu bolsa
nazaryýetde alnan bilimiň tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli
berkidilmeginde, ýaşlaryň milli daýhançylyk ýörelgelerine içgin
aralaşmaklarynda aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň sanly ulgamyň döwrüdigini belläp, ýaşlaryň
milli daýhançylyk däplerini sanly ulgamyň ösen usullary arkaly
özleşdirmelidiklerini, oba hojalygyna ýer kadastryny işjeň ornaşdyrmak
meselelerine zerur üns bermelidiklerini we ekin dolanyşygyny geçirmelidiklerini
aýtdy. Munuň özi milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi
bilen utgaşdyrylmagynda wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň dünýä ylmyna
çuňňur aralaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dünýä
ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, şolaryň ýerli
tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän beýleki
talaplara, hususan-da, milli bezeg aýratynlyklaryna doly laýyk gelmegi şu günüň
möhüm talaby bolup durýar.
Şeýle-de
bu ýerde Arkadag şäheriniň futbol klubunyň türgenleri üçin niýetlenen sport
lybaslarynyň görnüşleri görkezildi. Lybaslaryň ýakymlylyk derejesi, olaryň
taýýarlanylyşy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Şunda sport
lybaslarynyň reňk taýdan sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň
özünde, lybaslaryň ýazgylary, olara ornaşdyrylýan şekiller many taýdan Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna doly kybap gelmelidir.
Mälim bolşy
ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda
sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň geçirilmegi asylly däbe
öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde, dünýä
ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri ýetişdirmekde möhüm
ähmiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara ýaryşlary
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Bu bolsa
Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny
şertlendirýär. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz Arkadag şäheriniň futbol
toparynyň sport lybaslarynyň taýýarlanylyşynyň ýokary derejede bolmalydygyny
aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň
hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň
durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar dogrusynda gürrüň edildi.
Gahryman
Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, bu ugurda kesgitlenen
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň
edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri entek edilmeli
işleriň köpdügini belledi. Munuň üçin bolsa ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini
yzygiderli dowam etdirmelidir.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar
toplumynyň gurluşyklary alnyp barlar. Munuň özi şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy
bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň emele gelmegini şertlendirer. Häzirki
döwürde saglygy goraýyş ulgamyna degişli lukmançylyk serişdelerini öndürýän
önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp
barylýar. Gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylar we
önümçilik toplumlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze, kämil
enjamlary bilen üpjün ediler. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna
laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilli
we bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny
belläp, bu babatda ýerli tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy, önümçilik
toplumlarynyň ekologik taýdan häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi bilen
baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda milli binagärlik
ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi netijeli utgaşdyrylmalydyr.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze
şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde bina
edilen ýaşaýyş jaýlarynyň hemmesinde amatly ýaşaýyş we göwnejaý dynç alyş üçin
zerur şertler göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, öýleriň
otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär.
Bu bolsa adamlaryň täze ýaşaýyş jaýlaryna höwes bilen göçüp gelmeklerinde
aýratyn ähmiýetlidir. Bu ugurdaky çäreleriň ýokary derejede alnyp barylmagy
ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işler ýola goýuldy.
Hormatly Arkadagymyz täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş
dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmelidigini, guralýan dabaralaryň döwrebap
öýlere göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara
beslenmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şol
bir wagtyň özünde, täze ýaşaýyş jaýlaryny paýlamak işleri milli kanunçylyk
esasynda alnyp barylmalydyr.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda golaýda
ýurdumyza hoş habarlaryň gelip gowşandygyny uly buýsanç bilen belledi. Gahryman
Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň halkymyz üçin guwançly hoş habarlary ýetirendigi barada aýdyp,
hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlandygyny nygtady.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak
boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden
«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasy
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky
mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024
— 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy.
Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigini,
Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda eziz Watanymyzyň at-abraýynyň has-da
belende galýandygyny we taryhy ykrarnamalara eýe bolýandygyny belläp, Gahryman
Arkadagymyz bu şanly wakalar bilen hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy
tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we
daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir
görkezijisidir. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we dünýä
ähmiýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýandygynyň anyk mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň «Irden turda
ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At — myrat» ýaly
paýhasly jümleleri döredendigini belläp, ýurdumyzda toýlaryň toýa
ulaşýandygyny, şatlykly habaryň Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelip
gowuşmagynyň mähriban halkymyzy beýik ösüşli ýollarda bedew bady bilen ynamly
gadam urmaga ruhlandyrandygyny aýtdy. Şeýle-de türkmen toýlaryny bedewsiz göz
öňüne getirip bolmaýandygyna, halkymyzyň guwanjyna, begenjine we buýsanjyna
öwrülen, özboluşly şaý-seplere beslenen bedewlerimiziň toýlarymyzyň
ýaraşygydygyna üns çekildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da»
atly kitabynda behişdi bedewleriň ýakyn syrdaş hasaplanýandygy, olaryň
halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýandygy barada aýdylýar. Milli Liderimiz
geljekde-de behişdi bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmak, ahalteke bedewlerini
bezemek däpleriniň gadymy ýörelgelerini has-da ösdürmek ugrunda zerur
tagallalaryň ediljekdigini belledi. “Atçylyk sungatymyzyň dünýä gymmatlygynyň
sanawyna goşulmagy ähli atşynaslarymyzy, atlarymyzy bezemek bilen meşgullanýan
döredijilik işgärlerimizi beýik işlere ruhlandyrýar hem-de buýsandyrýar” diýip
bellemek bilen, hormatly Arkadagymyz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň
wepaly syrdaşyna öwrülendigini aýtdy.
Türkmenleriň ähli döwürlerde we asyrlarda gamyşgulak
atlaryna, ajaýyp halylaryna, dag-düzlerine, çöllerine, deňizlerine çäksiz
buýsanjy-guwanjy halkymyzyň beýik halk bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip,
Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Bitaraplyk baýramynyň toýlanýan günlerinde gelip gowşan hoş
habarlar bilen hormatly Prezidentimizi we mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlady.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň Baş baýdak
meýdançasyna geldi. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy
mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylar.
Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ilkinji gezek
belleniljek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede
geçirilmelidigini belläp, bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary
guramak, baýramçylyk dabaralarynyň türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda
köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet
berilmelidigini belledi.
Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäher
myhmanhanalarynda hyzmatlaryň ýokary derejesi ýola goýulmalydyr. Şunda Arkadag
şäherinde guraljak baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden
geljek myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine üns çekildi. Bu
ýerde guralýan ähli çäreler, söwda we hyzmatlar häzirki zaman talaplaryna laýyk
derejede bolup, olar baýramçylyga gatnaşmaga gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak
täsirleri galdyrmalydyr.
Guralýan baýramçylyk dabaralary, ulular üçin bolşy
ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem şatlykly pursatlara beslenmelidir. Şol
bir wagtyň özünde, şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalar guralyp, olarda
sowgatlyk we azyk önümleriniň köp görnüşleriniň hödürlenilmegi, söwdanyň
medeniýetiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly
meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda
çemeleşilmelidir.