7-nji dekabrda
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Aşgabada iş
sapary bilen gelen Awstriýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Gotsburg we Türkmen-Awstriýa
jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda
türkmen-awtsriýa hyzmatdaşlygynyň derejesi barada içgin gyzyklanma eýe bolan
pikir-alyşmalar gurnaldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer
ulgamda hyzmatdaşlygyň ýokary depginini belläp, iki döwletiň işewürler
jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada
maslahatlaşdylar.