Bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzda ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sanly ykdysadyýetimizi diwersifikasyýalaýyn ösdürmekde beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergä gatnaşýan pudaklaryň arasynda bank ulgamyna hem uly ähmiýet berildi. Sanly ulgamyň ösýän döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işinde hem döwrüň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen ýurdymyzda hereket edýän banklar raýatlarymyzy maglumat howpsyzlygy bilen  üpjün edýän birnäçe programmalary, elektron usulda ýeňillikler bilen üpjün edilen tölegleri sergä gatnaşyjylara tanyşdyrdylar.

Türkmenistanda bank ulgamynda ýetilen sepgitler tölegleri banka gelmezden töleg geçirmek, müşderileri web saýtlary işjeň ulanmaga çekmek maksady bilen hödürlenýän hyzmatlaryň hiliniň, möçberiniň barha artdyrylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Programmalaşdyrylan tölegler jerimeleri tölemekde, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini geçirmekde, durmuş maksatly tölegleri geçirmekde plastik kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde amala aşyrmaklygy üpjün edýär.

Geçen sergi Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen başlanan şäher gurluşyk kampaniýasynyň üstünlikleriniň we umuman türkmen ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň ýene bir görkezijisi boldy.