6-njy
dekabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň
ýedinji mejlisine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti
Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar
gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady
mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy
esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa
geçirilişi bilen tanyşdylar.
Şu
gezekki mejlisi geçirmäge döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendikleri
üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk
sözlerini beýan eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň
netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam
berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
dost-doganlyk, düşünişmek we ýakyndan özara goldamak esasynda işjeň
ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki döwürde köpugurly
türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlarda ýokary derejede ösdürilýär. Iki döwlet
üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika,
ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş,
medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we
sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Hökümetara
türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň çäklerinde energetika ulgamynda
Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen
baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, taraplar türkmen
tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä
ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistanyň tebigy serişdeler binýady gyzyklanma bildirýän
ýurtlary we sebitleri energiýa serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmäge
mümkinçilik berýär. Şunda “Galkynyş” gaz känine möhüm orun degişlidir. Şunuň
bilen birlikde, türkmen tarapynyň soňky ýyllarda döreden gaz infrastrukturasy
Türkmenistana öz tebigy gazyny günbatar ugry boýunça uly möçberde ibermäge giň
mümkinçilik berýär. Beýan edilenlerden ugur alnyp, ýokarda ady agzalan
taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş
edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge
girişmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň
hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk ýakyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny
beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy
diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki
ýurduň wekilleriniň guralýan halkara maslahatlara we beýleki forumlara
gatnaşmaklary hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder. Mejlise gatnaşyjylar
şu gezekki duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we
halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmegine täze
itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Toparyň
mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.