6-njy dekabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti,
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň
başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine
gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de
ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet
Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly,
Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan
netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp,
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky
mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň
üstünlikli geçmegini arzuw etdi we şu gezekki saparyň çäklerindäki
gepleşiklerdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn
gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet
Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk
dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary
derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas
bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we
özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet
wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat
edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygyny, işewürlik maslahatyny we
ikitaraplaýyn gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol
saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Nygtalyşy ýaly, gazanylan
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi häzirki günüň möhüm wezipesidir.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik
söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde,
ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar
ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary
ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň
ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze
derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň we
işewürlik maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň maksady netijeli
gatnaşyklary ösdürmäge, özara hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny
kesgitlemäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we
myhman iki halkyň taryhynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy
gymmatlyklarynyň umumydygyny bellediler. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda
netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz
strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň
halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam
bildirdiler.