6-njy dekabr paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň
10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi.
Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň
wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e
golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini
we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar
sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň
köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy
giňeltmegi maksat edinýärler.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de
işewürler gatnaşdylar. Ýaş skripkaçylaryň we ýurdumyzyň meşhur tans
toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini
çaýdy.
Ýygnananlar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly
üns bilen diňlediler. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri
söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtalýar. “Türkiýäniň
kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen,
ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli
amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler” diýlip,
Gutlagda bellenilýär.
Forumyň açylyş dabarasynda
çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň
wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini
artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň
ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Köpugurly sergide türk önüm
öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy —
senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk
serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma
önümleri görkezilýär. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektrik energetika
enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen «Elte Pano», «Hasçelik Kablo», ýangyn
söndüriji enjamlary öndürýän «Duyar Vana Makina», gurluşykda öňdebaryjy
«Rönesans», «Gap Inşaat» ýaly kompaniýalar bar. Gurluşyk serişdeleri bölüminde
penjireleri we gapylary öndürýän «Çelik Kapi», «Emka Metal Çelik», diwarlar we
üçekler üçin izolýasiýa serişdelerinden taýýarlanylan panelleri öndürýän «Assan
Panel» hem-de profilleri öndürýän «Hilal Alüminium» kompaniýalary bar.
«A.O.Smith» kompaniýasynyň diwarlygy suw üpjünçilik, lagym we suwaryş, agyz
suwy minerallaşdyrmak ulgamlary bilen tanyşdyrýar. «Ahi carrier fzc», «Frigo
Mekanik», «Aldag» kompaniýalary sowadyjylary we azyk önümlerini saklamak hem-de
doňdurmak üçin tehnikalary görkezýär.
Sergä ilkinji gezek
gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary üçin enjamlarydyr
düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem
bellemelidiris. Bu ýerde “Sera marketim”, “Dagdelen”, “Mehmet Özen” hususy
kärhanalary ilkinji gezek önümlerini görkezýärler. «Feta», «Interlab Lab.
Ürünleri» we «Dogrular Ev Ürünleri» kompaniýalary çagalar baglaryny hem-de
mekdepleri, ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ulgamynda teklipleri bilen çykyş
edýärler. Ýurdumyzda meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny we
aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma
döredýär. Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw
gaýnadyjylaryň we gyzdyryjylaryň, elektrik enjamlaryň hem-de beýlekileriň iň
täze görnüşlerini öz içine alýar.
Dokma önümleriniň diwarlygy
diňe bir türk öndürijileriniň kuwwatlyklaryny, öndürilýän önümleriň baý
görnüşlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň şertleri döretmek bilen
çäklenmän, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga-da
mümkinçilik berdi. Degişli önüm öndürijilerdir kärhanalar bilen birlikde,
Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we Türkmen-türk paýdarlar
täjirçilik bankynyň hem gatnaşmagy dostlukly döwletiň eksport harytlarynyň
sergisiniň aýratynlygy boldy.
Ýöriteleşdirilen sergi köp
ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny
açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin
netijeli meýdança boldy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge
gönükdirilen forum ösüş mümkinçiliklerini, bäsdeşlige ukyplylygy
ýokarlandyrmaga, kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, iň häzirki
zaman önümçiliklerini kemala getirmäge esaslanýan türkmen ykdysadyýetiniň esasy
pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-innowasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini hasaba
almak bilen, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe
Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly maksatnamalary we ähmiýetli taslamalary
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen köpýyllyk
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplan iri türk kompaniýalary,
ilkinji nobatda, gurluşyk senagatynda, energetika, himiýa we dokma
pudaklarynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler.
Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän
onlarça bilelikdäki taslamalar, haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi hem aýdyň
şaýatlyk edýär.
Köp sanly gatnaşyjylar —
kompaniýalaryň we degişli pudak edaralarynyň, hususy işewür düzümleriň
wekilleri türk öndürijileriniň sergide görkezýän önümleriniň görnüşleri, işläp
taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Sergi öz işini dowam edýär.