5-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ”
işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.
Işewür döwlet
Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady
kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz
bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk
syýasaty netijeli halkara gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm
guraly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Erik Stýuart hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorka amala
aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürlen oňyn
başlangyçlaryň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Amerikanyň
Birleşen Ştatlary” formatyndaky (C5+1) köptaraply hyzmatdaşlygyň birinji
duşuşygyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, işewür
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni
bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly
gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp,
döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň
üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik
ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly
häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda
köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen
baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik
geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.
Nygtalyşy
ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi
türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady
subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak,
işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri
kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda
üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri
Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we milli ykdysadyýetimiziň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, baý tebigy serişdeleriň bolmagy,
döwletimiziň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem “Açyk gapylar” ýörelgesine
esaslanýan daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär. Nebitgaz
pudagy, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika,
ulag-kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we
beýlekiler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz
türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy
pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk
bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk
tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.
Işewür döwlet
Baştutanymyza netijeli söhbetdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine
uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly
maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny
pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman
türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak
möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.