5-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýanyň
kompaniýalarynyň wekilleri bilen türkmenistanly işewürleriň arasynda ikitaräplaýyn
duşuşyklar geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
başlygy Mergen Gurdow açdy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Awstriýanyň Federal Ykdysady Palatasyny
döredýän Awstriýa kompaniýalarynyň Türkmenistandaky biznes maksatly
wekilhanalary yzygiderli hereket edýär. Munuň özi türkmen-awstriýa
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmekde möhüm orun eýleýär. Bu bolsa
awstriýaly kompaniýalaryň türkmenistanly işewürler bilen hyzmatdaşlyk saklamaga
gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyň subut edýär.
Awstriýanyň
kompaniýalarynyň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda döwlet we hususy
ulgamlaryň wekilleri bilen duşuşyklar guralar. Munuň özi türkmen we awstriýaly
işewürleriň geljekde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyna özboluşly badalga berer.