4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal
welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatdaky möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagtany
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary
öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň gowaça
ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär.
Geljek ýyl oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur çäreler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri
ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp
barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme doly
taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň
häkimi H.Aşyrmyradow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagtany ýitgisiz ýygnap
almak, ony bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy
kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek, tabşyrylan hasyl
üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler
ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm
işleri dowam edýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde,
welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de häkim ýurdumyzda
giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek
dabaralara görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, geljek ýyl gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Sanly ulgam arkaly
geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba
hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlarynda bar bolan pagtany iň
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bökdençsiz kabul etmek, talabalaýyk saklamak
boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl
üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek ugrunda anyk çäreler durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp
barylýar. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalar we gurallar möwsüme
taýýarlanylýar. Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dowam edýär.
Şeýle hem welaýatda Halkara
Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini
belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek dürli
maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň
häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli
ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kada laýyk saklamak
we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem
gowaça ekiljek ýerlerde topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak we sürüm
işleri dowam edýär. Geljek ýylda oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary
möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar.
Häkim welaýatda Halkara
Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk
işleri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm
talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, geljek
ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme taýýar edilmegini üpjün
etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe
görkezmeleri berdi.
Soňra Mary welaýatynyň
häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly,
sebitiň ekin meýdanlarynda bar bolan pagtany soňky hanasyna çenli ýitgisiz
ýygnap almak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Tabşyrylan hasyl üçin önüm
öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Geljek ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde ulanyljak
tehnikalary we gurallary abatlamak işleri ýola goýuldy. Welaýatda bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen gant
şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur işler
alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen
gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini berk
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek üçin bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg işleri dowam edýär. Hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagtany soňky hanasyna
çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz
wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş
möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Oba hojalyk
işlerinde ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary we gurallary abatlap,
möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynda gant
şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak we
gaýtadan işlemek boýunça işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary
hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl
almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlardaky
ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp
barylmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň möwsüme
talabalaýyk taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere
tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda
anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden
bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň
azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.