Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we Söwda-senagat palatasynyň wekilleri
Bütindünýä Halal sammitiniň çäginde Yslam hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan
2023-nji ýylyň 23–26-njy noýabrynda Stambulda geçirilen «Halal Expo – 2023» halkara
sergisine gatnaşdy.
Dünýäde «Halal» senagatynyň harytlarynyň öňdebaryjy
sergisi bolan «OIC Halal Expo» her ýyl bir meýdançada giň hünärmenler
köpçüligini: işewür toparlaryň wekillerini, öndürijileri we ýerleýjileri,
«Halal» pudagynyň hünärmenlerini we köp ýurtlaryň ýöriteleşdirilen KHS-siniň
işgärlerini ýygnaýar. Oňa gatnaşmak halal pudagyň wekillerine hyzmatlaryny we
önümlerini ýerlemäge, şeýle hem bu pudaga söwda we maýa goýumlaryny artdyrmaga
täze mümkinçilikler berýär.
Sergä dünýäniň azyk önümlerini, iýmit
tehnologiýalaryny, kosmetika, derman, dokma we şuňa meňzeşleri öndürýän
öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşýarlar. Esasy sergi toparlaryna iýmit, saglyk we bedenterbiýe, et, guş we deňiz
önümleri degişlidir. Sergä bolan gyzyklanma yslam bankçylygy we halal
syýahatçylyk bilen baglanyşykly pudaklar tarapyndan-da hasaba alynýar.
Şu ýyl
Stambulyň sergi merkezinde 40-dan gowrak ýurtdan 500 töweregi kompaniýanyň
halal önümleri görkezildi. «Halal Expo – 2023»-e Türkmenistandan gatnaşanlara
öz mümkinçiliklerini görkezmäge, işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we halal
önümlerini dünýä eksport edýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak
meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr».