Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde şu ýylyň ahyrynda guraljak ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we
sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryna
laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala
aşyrdy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna geldi.
Döwlet Baştutanymyz golaýda sanly
ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň
durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň bolandygyna ünsi çekdi.
Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň ahyrynda Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi
geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda
geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders
olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň
dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan
ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyz maslahat geçirdi we ýaşlar forumyny üstünlikli guramak boýunça
öwüt-nesihatlaryny, tabşyryklary berdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji
direktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň giň
möçberli üstünlikleri, Diýarymyzyň barha belende galýan halkara abraýy,
halkymyzyň bagtyýar durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ýaşlarynyň
geljegini esasy ugur edinýän öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini
üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki ornuny
has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly
Prezidentimiziň we bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy
jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdan nyşandyr.
Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp
mazmunyny düzýär. Bu ajaýyp ýylyň üstünlikleri, syýasy, jemgyýetçilik, halkara
ähmiýetli wakalary ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä
dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar diýip, Milli
Liderimiz belledi.
Türkmen ýaşlary halkara derejeli
ýaryşlarda, dürli ugurlar boýunça olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip,
döwletimiziň at-abraýyny has-da belende göterýärler. Munuň özi ýaşlaryň
sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim
almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere
döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň
ýaşlarynyň şu ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerini
beýan edýän ýaşlar forumynyň açylyş dabarasynyň unudylmajak pursatlara
beslenmelidigine hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp
jemlenmesine öwrülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary N.Amannepesow hem-de B.Atdaýew döwlet Baştutanymyzyň
tabşyrygyna laýyklykda şu ýylyň ahyrynda geçiriljek ýaşlaryň dabaraly
maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýaş raýatlaryň
hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan
mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş
ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat
jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we
höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen
halkynyň Milli Lideri “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanunyň,
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň
2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp
barylýan işleriň netijeleriniň sergide öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Şeýle-de sergide ýurdumyzda döwrebap derejede bilim almak, ylym we döredijilik
bilen meşgullanmak, ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlygyny goramak, ýaş
maşgalalara goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler açylyp görkezilmelidir.
Gahryman Arkadagymyz bu serginiň
milli we döwrebap äheňde bolmalydygyny, hususan-da, bezeg hem-de dizaýn
işlerine, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine möhüm ähmiýet berilmelidigini
nygtady. Şunda sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, sanly
ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagy başarýan ýaş hünärmenleriň işläp
taýýarlamalary şöhlelendirilmelidir diýip, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli
Lideri ýakynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaş
türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekde uly ähmiýete eýe
bolandygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Adam üçin iň möhüm zadyň onuň
saglygydygyny, saglygyň ruhubelentlikdigini, dünýäde iň uly baýlykdygyny,
tükeniksiz hazynadygyny aýdyp, lukman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet
maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy
goraýyş edaralarynyň, kliniki we ylmy-kliniki merkezleriň bina edilendigini
belledi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki zaman türkmen
döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala
getirmekdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe
görkezmeleri berdi.
Sergide dünýäniň ösen binagärlik
meýillerini, milli binagärligiň gazananlaryny, bu ugurda ýokary tehnologiýalary
hem-de innowasiýalary ulanmak arkaly durmuşa geçirilýän we ýurdumyzda giňden
ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerindäki ýaşlaryň işläp
taýýarlan binagärlik çözgütleriniň nusgalary giňden görkezilmelidir diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy we birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň
Milli Lideri taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza gadyr goýmagy
başarýan, maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan, kämil, beden, ruhy taýdan
sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň sergide
şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm
pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň ösdürilmeginde bu ugurda iş alyp barýan
ýaş alymlaryň ukyp-başarnyklary, täze gözlegleri, ylmy açyşlary giňden
ulanylýar. Hormatly Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, sergide ýaş
alymlaryň ylmy işlerine, olaryň gazanan üstünliklerine orun berilmelidigini
nygtady. Şeýle-de Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny
ösdürmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmekde, azyk
bolçulygyny pugtalandyrmakda hususy pudaga uly ornuň degişlidigini aýdyp,
telekeçileriň, hususan-da, ýaş telekeçileriň ýeten belent sepgitleriniň mynasyp
şöhlelendirilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýdyp, ýaşlaryň döwletimiziň
beýik geljegi, şu günki daýanjydygyny aýratyn nygtady. Şunda ýurdumyzyň ilkinji
«akylly» şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil
tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berlendigi bellenilip,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygyna degişli tabşyryklar berildi.
Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzda gurlan we gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy
inženerçilik-tehniki çözgütleriň, milli binagärligiň gadymy däpleriniň, häzirki
zaman şähergurluşyk tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny we bu işde
ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bardygyny aýdyp, bu ugurda anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde
ýaşlar forumyna bagyşlanyp guraljak ulgamlaýyn sowal-jogap maslahaty babatda
özüniň öwüt-ündewlerini we maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz bu
maslahatyň möhüm ähmiýeti barada aýdyp, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli
ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, döwletimiz tarapyndan ýaşlar baradaky
edilýän aladanyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Türkmenistan ählumumy
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalary goldaýar
hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdini, ykdysady hyzmatdaşlygyň
netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak, iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz durnukly ulag, energetika,
ekologiýa, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalarynyň taslamalary bilen çykyş edýär we anyk teklipleri öňe sürýär. Bular barada ylmy-amaly maslahata gatnaşýan daşary
ýurtly myhmanlar giňişleýin maglumat almalydyrlar.
Gahryman Arkadagymyz
ylmy-amaly maslahatyň geçiriljek ýeriniň bezeg aýratynlyklarynyň sanly ulgamyň
we täzeçil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine esaslanmalydygyny, täsinligi,
özboluşlylygy bilen oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýatdan çykmajak täsirleri
galdyrmalydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
dürli pudaklarynyň ýeten belent sepgitleri, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport,
medeniýet ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri dünýäniň iň öňdebaryjy
tehnologiýalaryny ulanmak arkaly şöhlelendirilmelidir. Munuň özi ata Watanymyz
Türkmenistanyň halkara giňişlikde ähli ugurlar babatda uly abraýa eýe
bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolar.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasy ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň
arasynda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz
etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi,
raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek, ýaşlaryň
jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek,
ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak, olary kanagatlandyrmak
ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek boýunça işleri alyp barýar diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň giňişleýin wagyz
edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz
ýaşlar forumyna bagyşlanyp geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Gahryman
Arkadagymyz ýakynda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak
köp sanly çäreleriň geçirilendigi baradaky aýdanlaryna ünsi çekdi. Türkmen
halkynyň Milli Lideri döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär
ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny
goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata
Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzy sylaglamak bilen bagly
öňde möhüm wezipeleriň durandygyny belledi.
Iş maslahatynyň barşynda
degişli ýolbaşçylar şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy
wakalar, olaryň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, ýaşlary sylaglamak
dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler.
Bellenilişi ýaly, Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň has-da
dabaralanýan ýyly boldy. Döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň
gurşawynda okap bilim alýan, dürli kärlerde zähmet çekýän, ylym, döredijilik,
sport bilen meşgullanýan ýaşlar uly üstünlikleri gazandylar. Şu ýyl ýurdumyzyň
mekdep okuwçylary we talyplary köp sanly halkara bilim bäsleşiklerinde,
internet olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Munuň özi
ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ajaýyp
miwesidir. Ýaşlarymyz medeniýet we sungat ugrundan geçirilen halkara
bäsleşiklerde-de ýokary netijeleri görkezip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy
dünýä ýaýmakda mynasyp hyzmatlary bitirdiler. Olaryň sportda gazanýan
üstünlikleri-de Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar.
Häzirki döwürde türkmen
ýaşlary özlerine uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk
göreldesine, parasatly öwüt-ündewlerine eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
tagallasy, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň üstünlikli
durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň
sargytlaryny berk berjaý edip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen, Watanymyzyň
ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň
belleýşi ýaly, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary geljekde ýurdy beýgeltjek,
türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana
bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga,
söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň
mysalynda öz synmaz ornuny tapýar. Şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda hem möhüm ähmiýetli taryhy wakalara
beslendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomsunda hormatly
Prezidentimiziň tassyklamagynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara
hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» kabul edildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň
bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň —
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzasy bolmagy ýurdumyzda ýaşlar
ýylyny halkara üstünlikler bilen dabaralandyran nobatdaky ajaýyp waka boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bagtyýar döwrümizde ýaşlaryň täzeçil
teklipleri taýýarlamalydyklaryny aýtdy we gymmatly maslahatlaryny berdi.
Forumyň çäklerindäki ýaşlaryň maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigi, oňa
ähli ugurlarda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň işjeň gatnaşmalydygy, umuman,
ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň
üpjün edilmelidigi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz möhüm wezipelere ünsi
çekdi.
Forumda ähli ulgamlarda
göreldeli zähmet çekýän, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezýän,
ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport
ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyzyň at-abraýyny arşa göterýän
ýaşlaryň, merdana ata-babalarymyzyň mertlik ýoluny mynasyp dowam etdirýän
edermen ýaş Watan goragçylarynyň sylaglanylmalydygy, toplumlarda sylaglara
mynasyp ýaşlary saýlap-seçmek babatdaky işleriň alnyp barylmalydygy we
teklipleriň taýýarlanylmalydygy barada aýdyp, Milli Liderimiz öz maslahatlaryny
berdi.
Ýaşlary sylaglamak dabarasy
tamamlanandan soňra, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän konsert geçiriler. Türkmen
halkynyň Milli Lideri konsertiň taryhy wakalara beslenen Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesi boljakdygyny belledi we onuň
hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek
babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadagymyz iş
maslahatyny jemläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere
üstünlikleri arzuw etdi.