Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler
maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa we tebigaty
goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we
şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu
babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze “akylly” şäheri —
Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.
Ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak
boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž
ylalaşygyny goldady hem-de ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Howa gün
tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan degişli kanunçylyk-hukuk
binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda Howanyň üýtgemegi baradaky
Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany
ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki
baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. Şeýle hem Pariž ylalaşygy esasynda
Türkmenistan Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony tassyklady.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy
taraplaryň 26-njy maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasy baradaky
başlangyjy goldady. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
bilen, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar
döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan
borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny
ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy.
Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň
üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny
öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň
Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa “COP-28”
maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna
goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda belleýşi
ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe
degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz
netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala
aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy
häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag
pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Mälim bolşy ýaly, metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik
gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji
çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň
gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär.
Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun
eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň
tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň
taslamalaryny amala aşyrmaga hem “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly
ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik
abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň
aýdyň güwäsidir. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dubai EXPO City”
toplumyna tarap ugrady. Bu innowasion şäherçäniň “EKSPO — 2020” Bütindünýä
sergisiniň geçirilen ýerinde gurlandygy bellärliklidir. Şol köpugurly gözden
geçirilişde Türkmenistanyň pawilýony hem gurnaldy. Bu sergi Watanymyzyň häzirki
döwürde gazanýan üstünlikleriniň, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan
ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň, şeýle hem
halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sergi
bölümi “EKSPO — 2020-ä” gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň sergi bölüminde ekologik meseläniň hem aýdyň beýanyny
tapandygyny bellemek gerek.
“Dubai EXPO City” toplumyna gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed
Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş
mähirli garşyladylar.
“COP-28” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek
dabarasyndan soňra, Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al
Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary
üçin hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete
eýe bolan meseleler girizildi. BAE-niň Prezidenti “COP-28” maslahatynyň häzirki
döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge
hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen
täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.
Soňra Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol
dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn
hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy. Ýer ýüzüniň ähli döwletlerini we halklaryny
tolgundyrýan howa meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça
halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde “COP-28” maslahatynyň wajypdygy
nygtaldy.
Forumda döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip,
Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna we Hökümetine myhmansöýerlik,
netijeli işlemek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi
meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde
garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri
forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe
süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy, yzygiderliligi üpjün
etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.
2012-nji ýylda kabul edilen
Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ýurdumyzyň ählumumy howa gün
tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi.
Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy.
Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli
strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete
eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze
talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär.
Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Bu toplumda ugurdaş nebit
gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň
ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine
ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam
etdi.
Jogapkärli döwlet hökmünde
Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň
zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine
garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň
zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm
meseleleriň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň
Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda
geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça
täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge, ony
durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. BMG-niň
Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara
almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa
boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen
goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu
strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy
ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.
Şu gün bu belent münberden
Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan
edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz
borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen
taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş
döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Ýurdumyzyň Merkezi Aziýada
howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara
hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit
maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şol sebit maksatnamalary bolsa howa
tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge
gönükdirilendir. Türkmen tarapy bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi
Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak
baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti
hökmünde garaýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy
serişdelere, biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik
wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini
döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe
bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň
nygtaýşy ýaly, ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply
hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip
edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa
geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy,
bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýar.
Ählumumy azyk howpsuzlygyny
üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak
bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýar diýip,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan howanyň üýtgemegine
garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda
utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy
göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy
goldamaga taýýardyr.
Türkmenistanyň milli
bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin
gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa,
energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara üns berip
diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.
Plenar mejlislerde halkara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan
gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda sammite
gatnaşyjylar dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine wajyp
wezipeleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda tagallalary
birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Şu gün “COP-28” maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine
ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen
bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä
howa sammitine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz
üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek
aýdyňlygy bilen görkezdi. Çünki Ýer biziň umumy öýümizdir. Biz ony geljek
nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, bilelikdäki ylalaşykly
hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Tutuş adamzadyň geljegi
bolsa şol hereketlere baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam
edýär.