30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm
wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz
berildi. Ol Milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynyň
netijeleri barada maglumat berdi. Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň 2024-nji
ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem
“Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda”
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary, Raýat, Arbitraž, Jenaýat iş ýörediş, Jenaýat,
Gümrük kodekslerine, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri
we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlar we beýleki resminamalar kabul edildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
tabşyrygy boýunça Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň we Niderlandlar
Patyşalygynyň ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi, şeýle hem Ýaponiýanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary degişli döwlet edaralary tarapyndan
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-niň, ÝHHG-niň wekilhanalary bilen
bilelikde, howanyň üýtgemegi, çagalaryň hukuklaryny goramak, milli söwda
syýasatyny kämilleşdirmek, gender mümkinçiliklerini ornaşdyrmak bilen
baglanyşykly guralan forumlara gatnaşdylar. Deputatlar Garaşsyz Watanymyzyň
döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk
ýagdaýy esasynda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem kabul edilýän
kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça-da netijeli işleri alyp
barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
döwletimiziň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, täze kanun taslamalary taýýarlanylanda halkara tejribeden
ugur alyp, olaryň döwrebap bolmagyny gazanmak wajypdyr.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň serişdelerini artdyrmak
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Mejlisiň ýedinji
çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda tassyklanylan 2024-nji ýyl üçin Döwlet
býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, onda göz öňünde
tutulan çykdajylary rejeli özleşdirmäge we girdejileri ýokarlandyrmaga
gönükdirilen teklipler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen
wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Şunda Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu girdejileri mundan beýläk-de
artdyrmak we býujet borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen
hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli
abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli desgalarda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi türkmen
tebigy gazyny sarp edijilere bökdençsiz we ygtybarly akdyrmaga mümkinçilik
berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň maddy-enjamlaýyn
üpjünçiligini gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere desgalarda düýpli abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine
berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitlerde bol hasyl ösdürip
ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, gowaça hasylyny soňky
hanasyna çenli ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek we
ony pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp
barylýar, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Ýerleri geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, ekin
meýdanlarynda sürüm işleri dowam edýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ekerançylarynyň
şaly hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirendikleri barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, Mary welaýatynda
gant şugundyryny ýygnamak işi dowam edýär, ýygnalan hasyly talabalaýyk
saklamak, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mallaryň ýyly we dok
gyşladylmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Häzirki wagtda mallar üçin
taýýarlanan ot-iýmleri olaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini belläp,
ýerden ýokary hasyl almak üçin welaýatlarda oba hojalyk işleriniň agrotehniki
möhletlerde hem-de talabalaýyk geçirilmegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady we
wise-premýere bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary
üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde, paýtagtymyzyň çägi barha
giňeldilýär. “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen baş şäherimiziň
gözelligini has-da artdyrmak, binagärlik keşbini kämilleşdirmek meselelerine
aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aşgabadyň täze baş
meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny
belläp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, paýtagtymyz Aşgabadyň günsaýyn özgerýändigini, tehnologiýanyň
soňky gazananlarynyň şäher durmuşyna giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür
üçin baş meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze
gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur alynmagyny
üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmekde esasy
talap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Atdaýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy
mynasybetli geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak
maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda 5-nji dekabrdan
başlap baýramçylyk söwdasyny guramak, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde
söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara
Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň
guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Olarda raýatlarymyzyň baýramçylyk
saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlar
bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry
aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk
toparynyň ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň
sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge
görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, sergä doganlyk
ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň
gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly
kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny,
suw arassalaýjy, üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş
we sowadyş ulgamlaryny, barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalarynyň dürli
görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim
edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup
durýandygyny nygtap, wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we
işewürlik maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler
hereket edýän ylalaşyklar esasynda, daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri
bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljek
nesillere ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurdaky
toplumlaýyn işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde
çykaran Karary bilen tassyklanan “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap
saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 —
2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde
geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlary
dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Taryhy we
medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli
müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz
serişdeleriniň hasabyna “Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndyny türkmen,
iňlis we rus dillerinde neşir etmek göz öňünde tutulýar. Bu täze neşir giň
okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenýär. Şunuň
bilen birlikde, neşiri Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň iri ylmy
merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, onuň elektron görnüşini internet arkaly
okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär. Täze neşiriň redaksion geňeşiniň
düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň,
Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň meşhur bilermenleriniň, alymlarynyň
goşulandygy barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň
örän baý ruhy gymmatlyklara eýedigini nygtady. Medeni mirasymyzyň
gymmatlyklaryny toplamak, gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak möhüm
wezipedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere «Asyrlaryň
yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça degişli çäreleri
durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da
kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny
ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen
wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamyny
döretmek, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin
guramaçylyk işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji
maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi tarapyndan Bilim işiniň döwlet
akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bilim işiniň
döwlet akkreditasiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilim edaralarynyň
görkezijileri babatda dünýäniň belli okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagyna,
milli bilim ulgamynyň halkara derejelere çykarylmagyna ýardam eder. Häzirki
wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hünär
bilimi edaralarynyň 9-sy Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzasy bolup
durýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz
ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmaklary ugrunda
ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda döwrebap özgertmeleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim işiniň döwlet
akkreditasiýasynyň Düzgünnamasyny talabalaýyk taýýarlamak möhüm bolup durýar
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna
(COP-28) gatnaşmak üçin 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine boljak iş
saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabaty diňläp, Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini nygtady. Onuň gün tertibine
dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete
eýe bolan meseleler giriziler. Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde
jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň
“COP-28” maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden Kararnamasy bilen
ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy
esasynda Birleşen Milletler Guramasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni”
diýip yglan etdi.
Şanly waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri
geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda «Dialog — parahatçylygyň
kepili» atly halkara forum, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň
bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy, Adam hukuklarynyň ählumumy
Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan “tegelek
stoluň” başyndaky maslahat bar. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň,
Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň
wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary
guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz
ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp alyp barýan daşary syýasatynyň
dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz ýakyn günlerde uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň dabaraly
bellenip geçiljekdigine ünsi çekip, bu baýram mynasybetli çäreleri ýokary
derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat
awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny
tassyklamak hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy
boýunça pudagara topary döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçirilýän işler Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň
awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna
laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny,
yzygiderliligini we netijeliligini ýokary derejede üpjün etmäge
gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwletimiziň ulag we aragatnaşyk pudagynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ähli
zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat
awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm meseledir diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda degişli maksatnama işlenip taýýarlanylanda
halkara awiasiýa işiniň talaplarynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Şunuň
bilen birlikde, agentligiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň awiasiýa
howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmek üçin degişli işleri geçirmek
tabşyryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň
durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini belledi. Ýakynda
ýokary derejede guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz
şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazandylar, baýrakly orunlara, köp sanly
medallara mynasyp boldular.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe gazanýan taryhy üstünliklerimizde ýaşlarymyza uly orun degişlidir.
Bagtyýar ýaşlarymyz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga öz mynasyp
goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň beýik
geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy bilen berk baglydyr” diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýylda bilimde, ylymda, sportda,
medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda
ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda
däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny
belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.
Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň
öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler
döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu
ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.
Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we
sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary
ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň
olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem
ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp
goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi.
Maslahata we köpugurly sergä ata Watanymyzyň
ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýan
ýaşlarymyz gatnaşarlar. Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda
ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar
boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmak gerek. Geçiriljek maslahatda we
sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de dabaraly
maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp
baha beriljekdigini, olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol
açyljakdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
N.Amannepesowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna guramaçylyk
toparynda ýaşlarymyzy çeken zähmetine, gazanan üstünliklerine görä sylaglamak
meselesine seretmek we degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle-de bu
dabaraly maslahaty hem-de sergini ýokary guramaçylyk derejesinde guramak
boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda
alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.