27-28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde
söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik
Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, täjik tarapyndan -
Täjigistan Respublikasynyň Premýer ministriniň Orunbasary Ziýozoda Sulaýman
Rizoi çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we maýa
goýum hyzmatdaşlygyna, energetika we suw serişdeleri, oba hojalygyndaky
bilelikdäki işleriň güýçlendirilmegine, şeýle hem ulag we logistika pudagyndaky
hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige, iki ýurduň arasyndaky bilim, ylym,
lukmançylyk, medeniýet we sport ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek we
çuňlaşdyrmakdaky meseleleriň giň toplumyna garadylar.
Şeýle hem iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň çykyşlary
diňlenildi, olaryň çäklerinde geljegi bar bolan dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen
baglylykda, işewür gatnaşyklary hasam höweslendirmek, iki ýurtda öndürilýän
önümler bilen özara tanyşmak, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmek we
ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemek zerurlygy beýan
edildi.
Geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça
söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik
Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Nobatdaky 13-nji mejlisiň 2024-nji ýylda
Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.