29-njy noýabrda paýtagtymyzda iki
ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň
gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy
mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan
başlygy, Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň
hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji
orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Mejlisiň barşynda strategik
hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýän döwletara dialogyň däbe öwrülen dostlukly,
toplumlaýyn, ygtybarly we netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, taraplaryň özara tagallalary esasynda soňky ýyllarda
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berildi. Ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýokary, Hökümet we pudagara derejede
geçirilýän yzygiderli gepleşikler ýardam edýär.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlary
döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy. Saparlaryň barşynda
geçirilen duşuşyklar, gazanylan ylalaşyklardyr gol çekilen resminamalar
Türkmenistanyň we HHR-iň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, dürli
ugurlarda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary netijeli peýdalanmagy maksat
edinýändiklerini aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň abraýly
halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý”
görnüşinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek.
Esasy ugurlarda netijeli özara
hereketleriň ösdürilmeginde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda döredilen
türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Onuň düzümine alty
sany pudaklaýyn kiçi komitetler girýär. Olaryň nobatdaky mejlisleri şu ýylyň
oktýabr-noýabr aýlarynda geçirildi. Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine
ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary
mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly
meseleleriň giň toplumy girizildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary
görkezildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk
hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Muňa mysal hökmünde özara
tagallalaryň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly transmilli gaz
geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Onuň üsti bilen türkmen tebigy gazy
HHR-e bökdençsiz iberilýär.
Pudagyň senagat düzümini düýpli
döwrebaplaşdyrmaga, ekologik taýdan arassa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmaga
gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de energiýa
serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak
ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan ägirt uly kuwwatlyklary özünde jemlemek
bilen, daşary ýurtly, şol sanda hytaýly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar
üçin hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda
geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşylan ugur boldy.
Ulag-logistika pudagynda
türkmen-hytaý gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin hem uly mümkinçilikler bar.
Irki döwürlerden bäri biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy Beýik Ýüpek ýoly özara
baglanyşdyrypdyr. Bu gadymy ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek
boýunça anyk teklipleri öňe sürmek bilen, Türkmenistan Aziýa we Ýewropa
döwletleriniň arasynda netijeli dialogy ilerletmek üçin amatly gurşawy
döretmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Munuň özi Hytaý tarapyndan öňe
sürülýän “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyjynyň maksatlaryna hem
gönüden-göni laýyk gelýär. Anyk ugurlara gönükdirilen özara gyzyklanmalar,
köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary Türkmenistana we
Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy,
biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge
mümkinçilik berýär. Bu başlangyçlar Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi
berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat
guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge,
halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda senagat
pudagynda, şol sanda oba hojalygynda, işewür toparlaryň ugry boýunça
hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgama uly
üns berilýär. Şunda bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda
netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem
ýokary tehnologiýalar, beýleki möhüm ulgamlar hyzmatdaşlygyň wajyp ugry
hökmünde kesgitlenildi.
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama,
şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň
Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil
gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu
gezekki duşuşygyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge, onuň köptaraply kuwwatyny doly herekete getirmäge hyzmat etjekdigine
ynam bildirdiler.